Siri ses kömekçisi öz taryhyndaky iň uly täzelenmä garaşýar. Google Cloud ýolbaşçysy Tomas Kurian resmi taýdan Google Gemini esasly täzelenen Siri ulgamynyň 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda çykjakdygyny tassyklady. Bu hyzmatdaşlyk Apple kömekçisini has akylly we has “adama meňzedilen” eder.
Esasy täzelik — Gemini modelleriniň esasynda “şahsy” Siri döredilmegi. Indi kömekçi diňe buýruklary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, manyly gepleşik alyp barar, kontekste has gowy düşüner we iPhone eýesiniň endiklerine uýgunlaşar.
Takyk seneler entek mälim edilmedi, emma bilermenler täzelenmäniň 2026-njy ýylyň güýzünde iOS 20 bilen bilelikde çykmagyna garaşýarlar. Ozal işläp taýýarlama neýro toruň jogaplarynyň takyklygy bilen bagly kynçylyklara sezewar bolup, möhletleriň yza süýşürilmegine getirdi. Emma häzirki wagtda iki kompaniýa hem meýilnamanyň güýjünde galýandygyny we işiň soňky tapgyrdadygyny tassyklaýar.
Täze Siri-niň ilkinji aýratynlyklarynyň we mümkinçilikleriniň görkezilişini, ähtimal, ýakyn wagtda — 2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda başlanjak WWDC 2026 maslahatynda göreris.
ORIENT
