Belarus World Phygital Community dünýä reýtinginiň ilkinji dörtlüginde öz ornuny berkitdi. Halkara ýaryşlarda gazanylan ýokary netijeler respublikanyň wekilleriniň dünýäniň iň güýçli türgenleri bilen deň derejede bäsleşip bilýändigini görkezdi diýip, BELTA habar berýär.
Abu-Dabide geçirilen "Geljegiň oýunlary" atly ýaryşlarynyň soňky tapgyrynda, 65 ýurtdan gatnaşyjylaryň arasynda belarusly türgenler ýokary taýýarlygyny görkezdi. Fijital-sport türgenlerden köpugurlylygy talap edýär: olar hem kompýuter oýunlarynda, hem-de adaty sportda ýokary ussatlyga eýe bolmaly.
Aýratyn tapawutlanan topar — MinskHouse boldy. Bu topar taktiki atyş boýunça bürünç medal gazanyp, häzirki wagtda dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Şeýle hem belarusyň fijutal-basketbol we futbol ýygyndylary ýokary orunlary eýeledi.
Häzirki wagtda federasiýa indiki "Geljegiň oýunlary" ýaryşlaryna işjeň taýýarlanýar. Bu ýaryşlar 2026-njy ýylyň 29-njy iýulyndan 9-njy awgustyna çenli Astanada geçiriler. Garaşylmagyna görä, 4,75 million dollar möçberindäki baýrak gaznasy üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan 900-den gowrak türgen bäsleşer.
ORIENT
