Sony AI kompaniýasy Project Ace atly taslamany hödürledi — bu hakyky oýunlarda professional tennisçileri ýeňip bilýän ilkinji awtonom ulgamdyr. Emeli aň esasynda işleýän robot güýçli oýunçylara garşy geçirilen bäş duşuşygyň üçüsinde ýeňiş gazandy.
Stol tennisi robototehnika üçin iň kyn ugurlaryň biri hasaplanýar. Munuň sebäbi topuň örän ýokary tizligi we öňünden çaklamak kyn bolan aýlanmasydyr, ony sekundyň böleklerinde hasaplamak juda çylşyrymly.
9 kamera we datçik ulgamynyň kömegi bilen Project Ace topuň hereketini 3D görnüşde yzarlap bilýär. Bu bolsa robota islendik derejedäki aýlanmalara dessine uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär.
Duşuşyklaryň dowamynda robot tehnikada artykmaçlygyny görkezdi. Ol göni urgular boýunça professional oýunçylardan iki esse köp utuk gazandy we iň kyn urgularyň 75%-den gowragyny yzyna gaýtardy.
Taslamanyň ýolbaşçysy Peter Dýurr bu üstünligi möhüm pursat diýip atlandyrdy. Kompýuter oýunlaryndan tapawutlylykda, bu ýerde emeli aňdan hakyky fiziki giňişlikde hereketleriň kämil utgaşygyny üpjün etmek talap edilýär.
ORIENT
