Hytaýly alymlar çarşenbe güni aýyň on birinji täze mineral serişdesiniň tapylandygyny we identifikasiýa edilendigini habar berdiler. Bu minerala seriý-magnitli çanzit diýlip at berildi.
Täze mineral serişdesi— seriý-magnitli çanzit reňksiz, dury we döwülgen bolup, çüýşe görnüşli ýalpyldysy bar we aýdyň flýuoresensiýa (ýagty saçma) effektini görkezýär. Onuň däneleriniň ölçegi takmynan 3-den 25 mikrometre çenli üýtgeýär, adatça 10 mikrometirden hem kiçidir. Bu bolsa adamyň saçynyň diametriniň takmynan ýigrimi bäşden birine deňdir.
«Bu mineralyň täzeligi, onuň emele gelen wagtynda iki sany dürli şertde bolandygyndadyr. Fiziki şertler — temperatura we basyş, himiki şertler bolsa elementleriň mukdarydyr. Ýer togalagyndan daşarky giňişlikde täze mineralyň tapylmagy, biziň planetamyzda hiç wagt bolmadyk şertleriň älemde bar bolandygyny görkezýär. Eger geljekde şol bir mineral Ýerde hem tapylsa, bu biziň planetamyzyň haçandyr bir wagt meňzeş şertleri başdan geçirendigine şaýatlyk eder we bu maglumatlary has giň geologik hem-de asman hadysalaryny deňeşdirmek üçin ulanmaga mümkinçilik berer» diýip, Hytaýyň Geologiýa ylymlary akademiýasynyň Geologiýa institutynyň ylmy işgäri Çe Sýaoçao aýdýar.
Seriý-magnitli çanzit Hytaýa gaçan ilkinji aý meteoritiniň içinde tapyldy. Bu agramy 44 gram bolan, ýüzünde gara reňkli ereýän gabygy bolan ýeke-täk sferik meteoritdir.
Hünärmeniň bellemegine görä, aý meteoritlerinden täze minerallaryň tapylmagy diňe bir Älem baradaky düşünjelerimizi giňeltmän, eýsem sintetik materiallar pudagy üçin hem täze formulalary hödürläp biler.
«Seriý-magnitli çanzitiň flýuoresensiýa täsiriniň bardygy anyklandy, bu bolsa LED yşyklandyryjylarynyň önümçiliginde uly geljek wada berýär. Seýrek duş gelýän ýer elementleriniň gatnaşygy, magnit we demir mukdary, şeýle hem onuň kristal gurluşyndaky häsiýetli üýtgeşmeler sintetik materiallar üçin möhüm gollanma bolup hyzmat edip biler» diýip, Hytaýyň Mineralogiýa, petrologiýa we geohimiýa jemgyýetiniň Täze minerallar we mineral atlary boýunça komissiýasynyň agzasy Sýu Kaý belledi.