Bu hepde London şäheri Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyny belledi. Bu sene mynasybetli Bukingem köşgüniň Patyşa galereýasynda özboluşly sergi açyldy. Myhmanlara şa aýalynyň onlarça ýyllap onuň tanalýan stilini emele getiren 200-den gowrak şahsy zatlary görkezildi. Sergi bir zady tassyklaýar: şa zenanyň her bir çykyşynyň oýlanyşykly diplomatik ädim bolupdyr.
Bilermenler döwri alamatlandyran bäş sany meşhur lybasy aýratyn belläp geçýärler:
1. Twid we şotland nagyşy: durnuklylygyň nyşany

Balmoral görnüşindäki žaket we yubkadan ybarat toplum onlarça ýyllap üýtgemedi. Bu lybas ygtybarlylygy we däp-dessurlara wepalylygy görkezýärdi hem-de britan önümçiliginiň ýokary hilini modanyň täsirinden daşarda görkezýärdi.
2. 1953-nji ýylyň täç geýiş lybasy: syýasy beýannama

Ak ýüpekden tikilen bu lybas Milletler Arkalaşygy ýurtlarynyň nyşanlary bilen nagyşlanypdyr — Kanadanyň klýon agajynyň ýapragyndan başlap Hindistanyň lotosyna çenli. Bu diplomatiýanyň ajaýyp nusgasy bolup, her bir bölegi Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlaryna hormat alamatydyr.
3. Ýaşyl “Eýzenhauer” lybasy: ABŞ-a hormat

1957-nji ýylda Waşington şäherine sapary üçin şa aýaly ýaşyl alma reňkli lybasy saýlady. Taryhçylar muny “Uly alma” bilen baglanyşykly inçe nyşan hökmünde düşündirýärler, bu bolsa sowuk uruş döwründe gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilipdir.
4. Göwher ýaly gök reňk: täze modanyň bosagasynda

1960-njy ýyldaky bu owadan gök lybas klassiki stiliň soňky pursatlaryny alamatlandyrdy. Açyk gök reňk şa zenanyň asudalygyny görkezýärdi we köpçüligiň arasynda tapawutlanmagyna mümkinçilik berýärdi.
5. Açyk plaş: amatlylyk we açyklyk

1960-njy ýyllaryň plastik plaş şa zenanynyň durmuşa uýgunlaşmagyny görkezýär. Açyk material möhüm bir meseläni çözýärdi: iň ýaramaz howada-da halk onuň ýüzüni görüp bilmelidi.
Häzirki wagtda bu lybaslar diňe eşik däl, eýsem dünýä taryhynyň bir bölegidir. Londondaky sergi şa köşgüniň stiliniň “ýumşak güýjüniň” syrlaryny açyp görkezýän seýrek mümkinçilikdir.
ORIENT
