Duşenbe güni Hytaýyň günortasyndaky Guansi-Çžuan awtonom sebitinde ýerleşýän Beýhaý şäheriniň Týeşan portundan ýeke-täk kuwwaty boýunça dünýäniň iň uly ýüzýän ýel turbinasy goňşy Guandun welaýatyndaky ýel elektrostansiýasyna tarap ýola düşdi.
Ýarym çümdürilýän platformanyň üstünde gurlan 16 megawat kuwwatly ýel turbinasy çarşenbe güni irden Ýanszýan-Sinsžou deňiz ýel elektrostansiýasyna barar we gurnama hem-de işe girizme işlerinden soň, iýun aýynyň başynda synag hökmünde ulanylyp başlanar.
Gidroenergetika taslamalarynyň dünýädäki iň uly döredijisi we operatory bolan “China Three Gorges Corporation” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu aşa uly kuwwatly ýel turbinasynyň ýylda takmynan 44,65 million kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Bu bolsa 24 000 hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir.