1-nji sentýabrdan başlap, Apple Inc. kompaniýasynyň täze baş direktory wezipesine Jon Ternus belleniler.
Bu karar kompaniýanyň direktorlar geňeşi tarapyndan kabul edildi we ýolbaşçylygyň öňünden meýilleşdirilen dowamlylyk prosesi bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda Jon Ternus Apple Inc. kompaniýasynda enjam üpjünçiligi boýunça uly wise-prezident wezipesinde işleýär. Onuň dalaşgärligi direktorlar geňeşi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Ternusyň özi bolsa bu wezipä bellenilmegini uly hormat hökmünde kabul edýändigini we ýakyn ýyllarda kompaniýanyň ösüşini dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.
Öň habar berlişi ýaly, häzirki baş direktor Tim Kuk wezipesinden gidip, ygtyýarlyklary tabşyrandan soň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesini eýelär.
ORIENT
