Fransiýanyň Milli ýygnagy tarapyndan biragyzdan kabul edilen täze kanun, ýurduň öňki koloniýalaryndan alnyp gidilen sungat eserlerini we taryhy artefaktlary yzyna gaýtarmagy çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu çözgüt prezident Emmanuel Makron tarapyndan öňe sürlen syýasaty durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
Kanun taslamasy 1815–1972-nji ýyllar aralygynda — UNESCO-nyň medeni mirasy goramak boýunça halkara konwensiýasy güýje girmezden öň alnyp gidilen zatlary öz içine alýar. Öň artefaktlary yzyna gaýtarmak prosesi örän çylşyrymly bolup, Alžir, Mali we Benin bilen gepleşikleri ýyllap uzaldýardy.
Täze mehanizm nähili işleýär?
Kanun anyk düzgünleri kesgitleýär. Talap edýän ýurt resmi talapnama ibermeli we gymmatlyklary degişli ýagdaýda saklamaga hem-de köpçülige görkezmäge ukyplydygyny subut etmeli.
Soňra ýörite bilermenler topary obýektleriň bikanun ýa-da güýç bilen alnyp gidilendigini tassyklaýan subutnamalary barlar. Şeýle hem bu kanunyň täsirine döwlet arhiwleri we harby emläk girmeýär. Medeni mirasy yzyna gaýtarmak diňe bir taryhy adalat däl, eýsem halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem usulydyr. Muňa mysal hökmünde ýakynda Kot-d’Iwuara ýüz ýyldan gowrak öň alnyp gidilen mukaddes “Jiji Aýokwe” depregiň yzyna gaýtarylmagy görkezilip bilner.
Täze kanun şeýle prosesleri ulgamlalaşdyrýar. Indi Afrika halklary öz ýurtlarynyň çäginden daşarda, hususy kolleksiýalarda we Ýewropa muzeýlerinde saklanyp gelen taryhyna täzeden elýeterlilik gazanyp biler.
ORIENT
