«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda sportuň we sagdynlygyň aýyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda «Saglygym - baş baýlygym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresine Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary, şeýle hem, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler «Hormatly Prezidentimiziň pähim- paýhasy bilen ýurdumyzda Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek, bedenterbiýäni we sporty hil taýdan täze basgançaklara çykarmak, sporty wagyz etmek sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar» diýip belläp geçdiler.
Talyp ýaşlar bolsa, öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary bilen bir hatarda, Politehniki orta hünär okuw mekdebinde geçirilýän sport çärelerine, ýaryşlara, baglary idetmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýaly ýowar işlerine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň abadançylygy we mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda bilimlerini has-da kämilleşdirip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Çärä gatnaşyjylar türkmen döwletini bagtyýarlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sport bilen meşgullanmaga döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
