Turkish Airlines awiakompaniýasy täze ugur — Monrowiýa şäherine uçuşlaryň açylýandygyny yglan etdi. 2026-njy ýylyň 11-nji maýyndan başlap, uçuşlar Stambul – Akkra – Monrowiýa (Liberiýa) – Akkra – Stambul ugrunda amala aşyrylar. Uçuşlaryň ýygylygy hepdede iki gezek — duşenbe we şenbe günleri bolar.
Tertibe laýyklykda, TK627 gatnawy Stambuldan 06:35-de uçup, 10:55-de Akkra barar, soňra 12:20-de uçup, 14:15-de Monrowiýa baryp ýeter. Gaýdyp gelýän TK628 gatnawy Monrowiýadan 15:10-da uçup, 17:10-da Akkra barar, soňra 18:35-de uçup, indiki gün 04:50-de Stambula geler.
Täze ugurynyň açylmagy awiakompaniýanyň Günbatar Afrikadaky ugur toruny giňeldýär hem-de sebit bilen halkara ugurlaryň arasynda ulag aragatnaşygyny pugtalandyrýar.
