5-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde iki gün dowam eden «Ýaşyl geljek ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi tamamlandy. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan bu taslama ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guraldy.
Çäräniň çäklerinde “Geçmişden geljege tarap eko ädimler” atly tematiki sergi guraldy. Bu sergide tebigaty goramak ulgamyndaky gazanylan üstünlikler we geljegi uly taslamalar ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO klublary, assosirlenen mekdepler, döredijilik toparlary hem-de hususy pudagyň wekilleri tarapyndan tanyşdyryldy.

Maksatnamanyň dowamy hökmünde degişli ugur boýunça maslahat geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ekologiýa jemgyýetleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Hünärmenler howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw diplomatiýasyny ösdürmek, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn tebigaty goramak maksatnamalarynyň netijeliligini aýratyn nygtadylar.
Ekologiýa marafonynyň täsirli jemlemesi hökmünde sylaglamak dabarasy geçirildi. Guramaçylar çäräniň geçirilmegine mynasyp goşant goşan iň işjeň gatnaşyjylara Hormat hatlaryny we ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.
ORIENT
