SpaceX müşderi hyzmatynda uly öňegidişlik gazanyp, Starlink hyzmatyndaky adaty düwme menýusynyň ýerine Grok atly doly sesli emeli aň kömekçisini ornaşdyrdy. Indi ulanyjylar tehniki näsazlyklary ara alyp maslahatlaşyp we sargytlary janly gepleşik görnüşinde amala aşyryp bilerler.
Bu tehnologiýa Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan çözgütlere esaslanýar. Adaty “1 ýa-da 2 basyň” diýen botlardan tapawutlylykda, Grok janly gepleşige düşünýär we hakyky wagt tertibinde jogap berýär.
Täze emeli aň kömekçisi näme edip bilýär?
Grok Voice ulgamy Starlink ekoulgamy bilen doly birleşdirilip, dürli meseleleri çözmäge ukyplydyr:
• Tehniki goldaw: Hemra internetiniň işindäki näsazlyklary düzetmäge kömek edýär.
• Satuw we sargytlar: Bot şahsy maglumatlaryňyzy ulanyp, hasap döredip we enjam sargyt edip biler.
• Göni baglanyşyk: Indi abonent belgini girizmek zerur däl — ulgam göni gepleşige başlaýar.
Adaty aragatnaşygy saýlaýanlar üçin operator bilen habarlaşmak mümkinçiligi saklanyp galýar. Eger Grok meseläni çözüp bilmese ýa-da siz işgär bilen gepleşmegi isleseňiz, emeli aň yzyna jaň guraýar. Ulgam siziň wagt zolagyňyzy we amatly wagtyňyzy anyklar. Tejribede, emeli aň arkaly ýüz tutanyňyzdan soň garaşmak wagty takmynan 5 minuda deň bolýar.
ORIENT
