Hytaýly barlagçylar topary bir wagtyň özünde aşa ýokary berklik, ýokary geçirijilik we ýokary termiki durnuklylyk aýratynlyklaryna eýe bolan aşa inçe mis folga serişdesini üstünlikli işläp düzdüler. Bu täzelik indiki nesliň batareýalaryny we integral shemalaryny öndürmek üçin ýol açýar.
Gözlegiň netijeleri anna güni “Science” žurnalynda çap edildi.
Mis folga hem elektrik akymy üçin kanal, hem-de ýylylyk geçiriji bolup hyzmat edýär. Onlarça ýyllaryň dowamynda bu serişde köpden bäri dowam edip gelýän mesele bilen ýüzbe-ýüz bolupdy: berkligiň ýokarlandyrylmagy adatça geçirijiligiň peselmegine eltýärdi, geçirijiligiň gowulandyrylmagy bolsa köplenç termiki durnuklylygy gowşadýardy. Başgaça aýdylanda, bir aýratynlygyň gowulandyrylmagy uzak wagtlap beýleki häsiýetleriň peselmegine sebäp bolupdy.
Barlagçylaryň aýtmagyna görä, serişdäniň galyňlygy 10 mikrometr bolan, düzüminde nano-ölçegli däneler we tutuş galyňlygy boýunça takmynan 3 nanometr ölçegindäki yzygiderli paýlanan gradiýentli aşa nanodomenleri saklaýan mis folgadyr. Ony senagat derejesindäki elektro-çökdürme amaly arkaly alyp bolýar.
Berklik babatda aýdylanda bolsa, adaty senagat mis folgasynyň dartyşma garşy duruş güýji adatça 300–600 megapaskal aralygyndadyr, täze işlenip düzülen serişde bolsa bu görkeziji takmynan 900 megapaskala ýetýär. Bu bolsa standart önümlerden takmynan iki esse ýokarydyr.
Berkligiň çalt artandygyna garamazdan, serişde ýokary arassalykdaky misiň 90%-ine deň bolan elektrik geçirijiligini saklaýar. Meňzeş berklikdäki adaty mis garyndylary bilen deňeşdirilende, onuň geçirijiligi takmynan iki esse ýokarydyr.
Ol şeýle hem ýokary termiki durnuklylygy görkezýär. Köp sanly ýokary berklikdäki serişdeleriň häsiýetnamalarynyň adatça birnäçe günüň dowamynda peselýändigine garamazdan, täze mis folga serişdesi adaty şertlerde alty aý saklanandan soň hem häsiýetlerini ýitirmeýär. Bu bolsa ony uzak möhletleýin durnuklylygy talap edýän elektron enjamlar we batareýalar üçin örän amatly edýär.
Barlagçylaryň aýtmagyna görä, bu aýratynlyklar durnuklylygy saklamagyň we berkitmegiň goşa mehanizmi bilen şertlendirilýär; onda yzygiderli paýlanan aşa nanodomenler bir wagtyň özünde berkligi ýokarlandyrýar we däneleriň araçäklerini durnuklaşdyryp saklaýar.
Görkezilen senagat önümçilige ornaşdyrylmagynyň netijesinde, bu serişdäniň täze nesil smartfonlary, emeli aň çiplerini we elektromobilleri kämilleşdirmek üçin ulanylmagyna garaşylýar.