Hytaýyň eksporty 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtlardan gelýän islegiň artmagy we ýurduň ýokary hilli hem-de ygtybarly harytlary üpjün etmek ukyby sebäpli iki sanly ösüş depginini saklady. Bu barada sişenbe güni hytaý gümrük gullugynyň ýokary derejeli wekili mälim etdi.
Wan Szýun, Baş gümrük müdirliginiň başlygynyň orunbasary, metbugat ýygnagynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň importy we eksporty barada maglumat berdi hem-de bu döwürde eksportyň ösüşine täsir eden sebäpleri düşündirdi.
“Daşary isleg artýar. Birinji çärýegde Hytaýyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri Assosiasiýasynyň ýurtlaryna eksporty 17,5 göterim artdy, Ýewropa Bileleşigi we Beýik Britaniýa eksporty bolsa degişlilikde 18 we 15,3 göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, emeli aňyň we ekologiýa taýdan arassa, pes uglerodly pudaklaryň dünýä derejesinde çalt ösüşi degişli intellektual we ekologiýa taýdan howpsuz önümlere bolan islegi ep-esli ýokarlandyrdy.
Hytaý öz giňişleýin senagat goldaw ulgamy arkaly dünýä boýunça senagat kärhanalaryna durnukly we ygtybarly üpjünçiligi dowam etdirýär. Birinji çärýekde maşyn gurluşygy pudagyna degişli harytlaryň eksporty 4,25 trillion ýuana (takmynan 622,22 milliard ABŞ dollary) ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,2 göterim köp bolup, umumy eksportyň 60 göterimden gowragyny düzýär”, — diýip, resmi wekil aýtdy.
“Eksport edilýän harytlaryň arasynda iň uly ösüş (20 göterimden ýokary) kompýuter we telekommunikasiýa senagatynyň önümlerinde, şeýle hem demir ýol we gämi gurluşygy ýaly ulag enjamlarynda hasaba alyndy. Şol bir wagtda täze innowasion önümleriň peýda bolmagy hem täze islegi döredýär. 3D-printerler we sanly kameralar ýaly harytlar daşary ýurt sarp edijileriniň arasynda meşhurlyga eýe boldy, olaryň eksporty birinji çärýekde degişlilikde 119 göterim we 32,7 göterim artdy”, — diýip, Wan dowam etdi.