Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabat şäherinde DIGITAL SYMPHONY atly kompýuter oýunlarynyň sazlaryndan düzülen konserti hödürlär. Çykyş 30-njy aprelde Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda geçiriler.
Maksatnamada meşhur wideo oýunlaryň, şol sanda The Witcher 3: Wild Hunt, The Elder Scrolls V: Skyrim, Assassin’s Creed, Super Mario we beýleki oýunlaryň belli saundtrekleri ýaňlanar.
Guramaçylar konsertiň neon ýagtylygy bilen utgaşdyrylan özboluşly atmosferada geçiriljekdigini belläp geçýärler. Bu bolsa tomaşaçylara sanly saz dünýäsi bilen doly baglanyşyk döreder.
Biletleri satyn almak boýunça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 559015, +99362532871.
