Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Turkish Airlines täze Stambul – Timişoara – Stambul ugry boýunça uçuşlary amala aşyryp başlady. Uçuş maksatnamasy 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinden işe girizildi.
Häzirki wagtda Stambul bilen Timişoara şäherleriniň arasynda uçuşlar hepdede 7 gezek amala aşyrylýar.
Tertibe laýyklykda, uçuşlar irden we agşam günde iki gezek ýerine ýetirilýär. Stambuldan uçuşlar 07:40 we 19:10-da amala aşyrylyp, Timişoara 09:25 we 20:55-de gonýar. Yzyna uçuşlar bolsa 10:15 we 21:45-de uçup, Stambula 12:10 we 23:35-de barýar.
Täze ugruň açylmagy awiakompaniýanyň howa gatnawlarynyň toruny giňeldýär hem-de Türkiýe bilen Rumyniýanyň arasynda howa aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam edýär.
