7-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Bu telefon söhbetdeşligi çuňňur özara hormatyň nobatdaky tassyklanmasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we paýhasly syýasatçy, ilkinji nobatda Türkmenistanyň ozaldan gelýän ýakyn dosty hökmünde tanalýandygyny hem-de hormatlanylýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Walentina Matwiýenkonyň parlamentara dialogyny we halkara gatnaşyklarda zenanlaryň hereketini ösdürmekdäki ornuna aýratyn üns berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň dialogyny, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ugry boýunça ýokary derejeli çäräni geçirmek başlangyjyny goldandygy üçin oňa hoşallygyny beýan etdi. Bu çäreler şu ýyl başlyklyk etmek wezipesi Türkmenistana ynanylan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasyndaky ähmiýetli waka bolar.
Söhbetdeşlikde ynsanperwer ugurdaky bilelikdäki taslamalara hem deglip geçildi. Olaryň hatarynda Türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi we Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň täze binasynyň gurluşygy bar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenko jogapkärli işlerinde ýene-de bir gezek üstünlikleri arzuw etdi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.
