Maý aýynda geçiriljek KazanForum 2026 maslahatynda Russiýa (Tatarystan) – Türkmenistan – Owganystan ulag geçelgesini döretmek hakynda üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekilmegi meýilleşdirilýär diýip, Karawan Info habarlar agentligi habar berýär.
Täze ugur “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň ileri tutulýan alternatiw görnüşi hökmünde garalyp, Ýakyn Gündogarda ýagdaýlaryň durnuksyzlygy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga we logistikany diwersifirsirlemäge mümkinçilik berer.
Bu başlangyç bilen Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuruddin Azizi çykyş etdi. Hut onuň goldawy bilen dörediljek geçelge boýunça ýük daşamalar Tatarystanyň çäginden başlamaly. Bu mesele Tatarystan Respublikasynyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň şahsy gözegçiligindedigi bellenilýär.
