Ýekşenbe we duşenbe günleri Özbegistanyň paýtagty Daşkendi Hytaýyň Şanhaý we Şençžen şäherleri bilen birleşdirýän iki sany täze ugurlaryň gatnawlary açyldy.
29-njy martda Daşkendiň howa menziliniň geliş we gidiş tablosynda ilkinji gezek täze ugur – Şençžen peýda boldy. Özbegistanyň paýtagtyny Hytaýyň iň iri şäherleriniň biri bilen göni birleşdirýän ilkinji gatnawyň hasaba alyş nokatlarynda ýolagçylar mähirli garşylanyp, gutlanyldy. Bu ugruň açylmagy, hem syýahatçylar, hem-de işewürler tarapyndan iki ýurduň arasyndaky syýahatlara bolan gyzyklanmanyň artmagyna jogap boldy.
«Özbegistanyň “Uzbekistan Airways” awiakompaniýasy Hytaýa täze ugry bolan Daşkent–Şençžen–Daşkent gatnawynyň açylmagyna örän şat we bu işe buýsanýar. Bu Urumçy, Hanjou we Pekin ugurlaryndan soňra logiki dowamatdyr, sebäbi bu ugra bolan isleg yzygiderli artýar we awiakompaniýa bu ugurlardaky gatnawlaryň sanyny köpeldýär. Biz syýahatçylaryň we işewürleriň bu ugra bolan gyzyklanmalaryny nazara alýarys. Şeýlelikde, şu gün – 29-njy martdan başlap, Daşkentden bu ajaýyp we gyzykly şähere, ýagny Şençžene gatnawlar başlanýar» — diýip, Awiakompaniýanyň wekili Kizlarhon Begmatowa aýtdy.
30-njy martda Daşkent Hytaýyň awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan Şanhaýdan ýene-de bir täze göni gatnawy kabul etdi. Awiakompaniýanyň we howa menziliniň wekilleri täze ugruň dabaraly açylyşyny belläp, simwoliki lentany kestiler we ilkinji ýolagçylary garşyladylar. Daşkent–Şanhaý–Daşkent ugury boýunça gatnawlar hepdede dört gezek amala aşyrylar.
«Bu biziň awiakompaniýamyzyň Sian ugrundan soňra Özbegistana amala aşyrýan ikinji göni gatnawydyr. Geljekde Samarkanda hem ýene bir ugryň açmagy meýilleşdirýäris. Täze gatnawlar işewür adamlar üçin syýahatlary has amatly, syýahatçylar üçin bolsa — has elýeterli eder.
Gatnawlarymyzdaky her bir ýolagçynyň özüni ýokary derejede oňaýly duýjakdygyna umyt edýäris» — diýip, “China Eastern Airlines” kompaniýasynyň Özbegistandaky baş direktory Çžou Çžençao aýtdy.
«Iki ýyl mundan ozal, Prezidentimiziň Hytaýa bolan döwlet saparynyň dowamynda örän möhüm ylalaşyklar we şertnamalar gazanyldy. Has takygy, olar gatnawlaryň sanyny artdyrmak, wizasyz düzgüni girizmek we iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk akymyny köpeltmek baradadyr» — diýip, Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň geňeşçisi Feruz Dodiýew aýtdy.
Ýylyň başyndan bäri Özbegistan Hytaýdan 49 000-den gowrak syýahatçyny kabul etdi. Ýurda bolan gyzyklanma yzygiderli artýar we täze göni gatnawlaryň ýola goýulmagy bilen syýahatçylyk akymynyň has-da köpelmegine garaşylýar.