Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky ýurdumyzyň şor toprakly ýerleriniň aşa şertlerinden alnan mikroskopik kömelekleriň esasynda toplumlaýyn bio serişdesini ulanmak arkaly zaýalanan topraklary dikeltmegiň özboluşly tehnologiýasyny işläp taýýarlady.
Serişdä 10%-den gowrak duz konsentrasiýasynda hem işjeňligini saklap bilýän ştammlar girýär.
Hereket ediş ýörelgesi: serişde ösümlikleriň köklerini biologik taýdan gorap, natriý ionlaryny siňdirýär we olaryň ösümliklere zyýanly täsiriniň öňüni alýar. Ol ösüşi höweslendirýär, tohumlaryň gögerijiligini ýokarlandyrýar (meselem, bugdaýda — 42%-den 78%-e çenli) we duzly stres şertlerinde kök bio agramyny 35% artdyrýar. Tehnologiýa aşa yssy howa şertlerine (45°C-den ýokary) uýgunlaşdyrylyp, pagta we däne ekinlerini fitopatogenlerden goramak üçin hem amatlydyr.
Gaýtalanýan duzlanma meselesi dünýä boýunça suwarymly ýerleriň 20%-den gowragyna täsir edýär. Parkyň alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanan bio serişdäni ulanmak hasyllylygy 25–30% ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, şol bir wagtda mineral dökünlere bolan zerurlygy 15% peseldýär.
Ylmy-tehnologiýa parky zaýalanan ýerleri dikeltmek boýunça yzygiderli işleri alyp baryp, özboluşly tehnologiýa awtorlyk hukugyny berkidip, Merkezi Aziýanyň oba hojalyk pudagy üçin täze mümkinçilikleri açýar hem-de duzlanma garşy göreşde tebigy we täsirli çözgüt hödürleýär.
ORIENT
