3-nji aprelde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Halkara saglyk güni» mynasybetli sport çäreleri geçirildi.

Sport çäreleriniň dowamynda talyp ýaşlar kiçi futbol, woleýbol, uzynlyga bökmek, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, daş götermek, küşt we stol tennisi ýaly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler.

Ýaş nesillerimiziň işjeňligini artdyrmak we olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän şeýle sport çäreleri talyplaryň okuwdan daşary wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmeklerine ýardam berýär.
Sport çärelerine gatnaşan ýaşlar dabaranyň ahyrynda ýurdumyzda sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


