Turkish Airlines awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan başlap Stambul – Portu – Stambul ugry boýunça uçuşlaryň ýygylygyny artdyrandygyny yglan etdi.
Täzelenen tertibe laýyklykda, bu ugur boýunça hepdede jemi 17 uçuş amala aşyrylar.
Gündelik uçuşlar her gün iki gezek aşakdaky tertip boýunça ýerine ýetiriler:
— Stambuldan 06:50 we 12:45-de uçuşlar bolup, Portu şäherine 09:45 we 15:40-da gonar;
— Portudan gaýdýan uçuşlar 10:45 we 16:40-da bolup, Stambula 17:25 we 23:15-de baryp ýetýär.
Mundan başga-da, tertibe agşamky goşmaça uçuşlar girizildi:
— Stambuldan Portu ugruna uçuşlar çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri 20:35-de uçup, 23:30-da gonar (2026-njy ýylyň 29-njy martyndan 23-nji oktýabry aralygynda);
— Portudan gaýdýan uçuşlar duşenbe, penşenbe we şenbe günleri 06:10-da uçup, Stambula 12:50-de baryp ýetýär (2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 24-nji oktýabry aralygynda).
Uçuşlaryň giňeldilmegi Türkiýe bilen Portugaliýanyň arasynda howa gatnawlaryna bolan islegiň artmagy hem-de iki ýurduň arasyndaky ulag aragatnaşygyny berkitmek maksady bilen amala aşyrylýar.
