Ýekşenbe güni Aşgabatda, Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) binasynda «ORIENT» saýtynyň ýaş žurnalistleri «Döwrebap žurnalistikanyň esaslary» atly okuw seminaryny geçirdiler.
Seminarda ýaş žurnalistler Seýli Aryşow we Enejan Kepbanowa dagylar çykyş etdiler. Olar şol bir wagtyň özünde TSTB-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi bilen bilen bilelikde guralan bu çäräniň esasy guramaçylarydyr.
Bu Seýli we Enejan tarapyndan geçirilýän eýýäm ikinji duşuşykdyr. Birinji duşuşyk hem hut şu ýerde — TSTB-de, dogry iki aý mundan ozal bolup geçipdi (https://orient.tm/ru/post/95036/orient-seminar-young-entrepreneurs-turkmenistan).

Öňki seminaryň guramaçylary bolan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ussatlyk sapagyna gatnaşyjylaryň bu tema bolan gyzyklanmasyny göz öňünde tutup, şeýle duşuşyklary dowam etdirmegi teklip etdi. TSTB-de hatda dynç günleri hem işler gyzyşyp duransoň we çäreleriň tertibi birnäçe aý öňünden bellenilendigi sebäpli, žurnalistleriň täze işe başlaýan telekeçiler bilen indiki seminary mart aýynyň ahyrynda geçirmek kararyna gelindi.
Bagtly tötänlik esasynda, bu sene «MEDIA TURKMEN» habarlar agentliginiň döredilen güni bilen hem gabat geldi. Internet giňişliginde bu agentligiň düzümine girýän «ORIENT» saýty hem hut şol agentlik bilen bilelikde dünýä inipdi.

Okuw seminarynyň öňüsyrasynda guramaçylar bildiriş çap etdiler we oňa käbir ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary hem seslendiler. Olaryň arasynda has köp wekilçilikli topary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary — geljekki žurnalistler düzdi.
Bu doly esaslandyrylandyr, çünki häzirki talyplar, geljekde bolsa žurnalistler üçin hünär sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ussatlyk sapaklaryna ýygy-ýygydan gatnaşmak örän möhümdir.
Umuman alanyňda, okuw maslahaty dürli ugurlardan bolan ýaşlary — talyplary, ýokary synp okuwçylaryny, mugallymlary, ýaş telekeçileri we täze işewürlik ýoluna başlamagy meýilleşdirýänleri bir ýere jemledi. Diňleýjiler düzümi boýunça dürli-dürli boldy. Ýöne näme üçin?

Häzirki wagtda maglumat meýdany hemmeler üçin açykdyr. Žurnalistika, ozalky döwürlerde bolşy ýaly, diňe degişli bilim, bilim we amaly endikleri alan hünärmenleriň wezipesi bolmakdan galdy. Biziň döwrümizde islendik adam internetde şahsy sahypasyny döredip, blog ýöredip ýa-da saýt açyp, dünýä jemgyýetçiligine öz sözüni ýetirýänleriň we ýazyjy-çyzajylaryň hataryna goşulyp bilýär.
Bir tarapdan, bu ýagdaý howply hem bolup biler — tötänleýin adamlar maglumat meýdanyny peýdasyz (käwagt bolsa zyýanly) maglumatlar bilen hapalaýarlar. Ýöne beýleki tarapdan, bu ukyply adama köpler we tutuş jemgyýet üçin peýdaly bolan maglumatlary paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle adamlaryň arasynda ýaş hünärmenler, heniz tanalmadyk, ýöne geljegi uly bolan alymlar, gyzykly garaýyşlary we täze işewürlik-modelleri döredýän üýtgeşik pikirlenýän telekeçi-nowatorlar bar. Emma olaryň köpüsine öz garaýyşlaryny we meýilnamalaryny dogry beýan etmegi hem-de esaslandyrmagy öwrenmek artykmaçlyk etmez.

Biz «üns ykdysadyýeti» döwründe ýaşaýarys, bu ýerde maglumat sowatlylygy edil öňki döwürlerdäki okamak we sanamak ukyby ýaly esasy endiga öwrüldi. Häzirki wagtda kontent bilen professional žurnalistikanyň kadalaryna laýyklykda işlemek — täze çemeleşmeleri we tejribeleri öňe sürmegiň, telekeçiler üçin bolsa ýokary derejede galmagyň hem-de şahsy brendini we işewürligi gorap saklamagyň girewidir. Diňe bir garaýyşyň bolmagy ýeterlik däl, eýsem, onuň gymmatyny gyzyklanma bildirýän taraplara we adamlara ýetirip bilmek ukybyna hem eýe bolmaly.
Maglumatyň sowatly we dürs hödürlenmegi hyzmatdaşlarda (diňe bir täjirçilikde däl) göni mahabatdan has gymmatly bolan ynamy döredýär. Çylşyrymly we täzeçil garaýyşlary ýönekeý adam dilinde beýan etmegiň ýörelgelerini bilmek hem-de tejribesini ele almak zerurdyr. Bu, öz meýilnamalaryňy öňe sürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri berýär, şeýle-de gepleşikler we içki gatnaşyklar üçin sarp edilýän wagty gysgaltmaga kömek edýär.

Neýroulgamlaryň döwründe maglumat yzygiderli we tiz taýýarlanýan akymy emele getirdi, onuň takyklygy bolsa iň gymmatly zada öwrüldi. Sebäbi galp habarlaryň köpelen döwründe her kim «asyl hakykaty» ýalan maglumatlardan saýlap bilmeýär. Ýalan maglumatlara garşy göreşmegiň zerurlygy we hakyky maglumaty adaty oýlanmadan tapawutlandyrmagyň usullary seminaryň esasy temalarynyň biri boldy.
Duşuşykda faktlaryň dogrulygyny anyklamak bilen bir hatarda, žurnalistikanyň beýleki aktual meselelerine-de garaldy. Esasanam, ýaş telekeçileriň işi baradaky maglumatlaryň okyjylara sowatly ýetirilmegine aýratyn üns berildi.

Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy Şamämmet Annaýew bu çärä örän oňaýly baha berip, onuň täze zatlary öwrenmek we düşündiriş bermek taraplaryny aýratyn belledi. Şeýle hem ol ORIENT ýaly garaşsyz saýtlaryň türkmen işewürlik jemgyýetçiliginiň ösüşi bilen bagly aktual meseleleri beýan etmek üçin öz meýdançalaryny hödürleýändigini nygtady. Şamämmet Annaýewiň pikiriçe, şahsy işläp taýýarlamalaryňy, özbaşdak hünärmenleriň, garaşsyz bilermenleriň we kärhanalaryň işini öňe sürmek üçin bu mümkinçiliklerden has işjeň peýdalanmak gerek.
ORIENT saýtynda ykdysady temalara degişli köp sanly maglumatlar jemlenendir. Materiallarda häzirki zaman ykdysady proseslerine seljerme berilýär, esasy meýiller anyklanylýar hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ähli taraplaýyn goldanylýar.
Seminaruň ahyrynda «MEDIA TURKMEN» habarlar agentliginiň direktory, «ORIENT» saýtynyň baş redaktory Bekdurdy Amansaryýew şeýle duşuşyklaryň iki tarap üçin hem peýdalydygyny we biri-biriniň üstiini ýetirýändigini, sebäbi taraplaryň biri-birinden öwrenýändigini belläp, çäräni jemledi.

Bilermen ýerli wezipelerden sebit meselesine geçmek bilen, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ösüşiniň täze tapgyry ýaly temalary beýan etmegiň geljegi ulydygyny nygtady. Bu tapgyrda döwletleriň arasynda özara düşünişmek we ynam artýar. Bu bolsa sebitiň bäş döwletine-de öz umumy bähbitlerini ählumumy meýdançalarda öňe sürmäge mümkinçilik berýär.
– Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň her biriniň milli ösüş meýilnamalaryny sebitiň ösüşini nazarda tutup, özara utgaşdyrmak prosesi synlanýar – diýip, bilermen belledi. – Şeýle çemeleşme tutuş sebitiň rowaçlygyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ählumumy howpsuzlygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm bölegi hökmünde goňşy makrosebitleriň — Merkezi we Günorta Aziýanyň özara baglanyşygynyň berkemeginde öz beýanyny tapýar.
Şu nukdaýnazardan, diňe bir sebitiň içindäki hyzmatdaşlyk däl, eýsem goňşy sebitler bilen hem işewür jemgyýetçiligi üçin gowy mümkinçilikler açylýar. Çykyş edýän bilermeniň pikiriçe, bu meýiller has giň halkara-ykdysady şertleri öz içine alyp, okuw seminarynyň esasy temalaryna öwrülip biler.

Şeýle umumy okuw sapaklary we tejribe sapaklary eýýäm «ORIENT» saýty üçin adaty häsiýete eýe boldy. Mysal üçin, Bekdurdy Amansaryýew BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öňisyrasynda ýaş žurnalistler bilen umumy okuw sapagyny geçirdi. Onuň maksady — halkara derejeli ähmiýetli çäreleri çalt we ýokary hilli beýan etmegiň esaslaryny yzygiderli düşündirip, tejribe paýlaşmakdan ybarat bolupdy.
Munuň yzy bilen bolsa, nazary bilimleri çuňlaşdyrmaga we şol nazaryýeti iş ýüzünde ulanmak ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen duşuşyk geçirildi. Bu ussatlyk sapagy onlaýn tertipde Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdeplerine göni ýaýlymda görkezildi. Şeýle okuw maslahaty Döwlet protokoly gullugynyň ýaş işgärleri bilen hem guraldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen şu gezekki duşuşygyň dowamynda hem temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy uly gyzyklanma döretdi. Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we olara doly derejeli düşündirişler berildi. Iň işjeň gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýöne çekişmeler çäre üçin bellenilen bir ýarym sagat wagt bilen çäklenmedi — gyzgyn maslahatlaşmalar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynyň içinde, hatda binadan çykanlaryndan soň hem dowam etdi...
ORIENT
