Saud Arabystanynda awtosportyň taryhynda iň uly we batyrgaý taslamalaryň biri — Kiddiýa (Qiddiya) ýaryş trassasy gurulýar. Taslamanyň iň täsirli aýratynlygy 70 metr beýiklikde ýerleşýän “howa” öwrümi bolup, bu takmynan 20 gatly binanyň beýikligine deňdir.
Bu taslama Er-Riýaddan 45 kilometr uzaklykda amala aşyrylýar we sport binagärligi baradaky düşünjeleri düýpgöter üýtgedýär. Trassany döretmekde meşhur dizaýner German Tilke we öňki Formula-1 sürüjisi Aleks Wurs iş alyp barýar. Olaryň esasy maksady ýokary tizligi täsirli tomaşa bilen utgaşdyrmakdyr.
Trassanyň esasy elementi — güýçli diregleriň üstünde ýerleşýän beýik göteriji bölekdir. Şeýle beýiklikde inženerler diňe bir bolidleriň döredýän uly agramlaryny däl, eýsem ulaglaryň aerodinamikasyna täsir edýän güýçli şemal akymlaryny hem göz öňünde tutmaly bolýarlar. Öwrüm LED yşyklandyryş bilen enjamlaşdyrylar, bu bolsa trassany döwrebap teleýaýlym görkezilişleri üçin ägirt uly media-obýekte öwürer.
Tehniki aýratynlyklar täsir galdyrýar:
• 21 öwrüm we geçip gitmek üçin üç sany DRS zolagy.
• Bolidleriň iň ýokary tizligi takmynan 325 km/s bolar.
• Adaty tribunalaryň ýerine köp derejeli terrasa we syn ediş meýdançalary peýdalanylar, olar landşafta utgaşdyrylar.
Kiddiýa doly derejeli dynç alyş we güýmenje merkezine öwrüler. Trassanyň golaýynda amerikan depeleri ýerleşdiriler, töwereginde bolsa attraksion seýilgähleri we konsert zallary gurlar. Gurluşyk pudagy üçin bu taslama sport desganyň tutuş bir sebitiň ösüş hereketlendirijisine öwrülip bilýändiginiň täze nusgasydyr.
Garaşylmagyna görä, Saud Arabystanyň Gran-pri ýaryşy 2027-nji ýyldan soň täze ýere geçiriler. Bu awtodrom gurluşygyň diňe bir funksionallyk bilen çäklenmän, geljegiň özboluşly giňişliklerini döredýän täze eýýamynyň nyşanyna öwrüler.
ORIENT
