Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat bäş ýyllyk ýubileýi geçen ýola çuňňur seljerme bermek üçin pursat boldy. 28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, Gaznanyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi we gysga wagtyň içinde milli ynsanperwer gymmatlyga öwrülen bu işleriň netijelerine baha berdi.
Gaznanyň taryhy — bu ilki bilen, çagalara gaýtarylyp berlen saglygyň taryhydyr. urbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň belleýşi ýaly, gurama esaslandyrylandan bäri 758 sany operasiýa geçirildi, iki ýarym müňe golaý çaga bolsa Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde toplumlaýyn dikeldiş işlerini geçdi. Bu bejeriş amalynyň özboluşlylygy inçe sazlaşykda jemlenýär: bu ýerde iň täze nesliň innowasion lukmançylyk tehnologiýalary ýerli tebigatyň şypa beriji güýji bilen utgaşyp, ýaş hassalara saglygyny dikeltmegi üçin ajaýyp şertleri döredýär. Ýurdumyzyň pediatriýa bölümlerine dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden ýokary tehnologiýaly gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi bolsa milli lukmançylygyň tehniki üpjünçiligine goşulan saldamly goşant boldy. Bu goldaw agyr keselli çagalaryň sagalmak depginini düýpli özgertdi.
Gaznanyň halkara abraýy şu bäş ýylyň içinde sebitiň çäklerinden has daşary çykdy. Geçen ýyl Arkadag şäherinde çagalary goramaga bagyşlanyp geçirilen maslahatyň jemleýji resminamasy, BMG-niň ähli resmi dillerine terjime edilip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resmi resminamasy derejesine eýe boldy. Bu günki gün hyzmatdaşlygyň geografiýasy Monakodan Katara we Hytaýa çenli dünýäniň esasy merkezlerini öz içine alýar. ÝUNISEF, Geýdar Aliýew adyndaky gazna we Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy bilen gol çekilen Ähtnamalar türkmen haýyr-sahawat nusgasynyň dünýä bileleşigi tarapyndan durmuş goraglylygynyň netijeli we aýdyň ulgamy hökmünde ykrar edilendigini tassyklaýar.
Emma guramanyň işi diňe lukmançylyk bilen çäklenmeýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň düşünjesindäki ynsanperwerlik — bu ähli zady öz içine alýan gymmatlykdyr. Hut şonuň üçin hem, şu günki günde Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy döwrebaplaşdyrylýar we «Jahan» döredijilik merkeziniň maddy binýady berkidilýär. Geljekki nesil baradaky alada Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň goýýan ruhy esaslarysyz mümkin däldir, olar nesilleriň dowamatlylygyny we milli gymmatlyklary gorap saklaýarlar. Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurulmagy hem bu ruhy agzybirligiň nyşany bolar — Gaznanyň bu sowgady, goňşuçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýar.
Ylym bilen önümçiligiň utgaşdyrylmagy ösüşiň möhüm ugry bolup galýar. Arkadag şäheriniň eýýäm hili boýunça halkara altyn medallary gazanan lukmançylyk klasteri Gaznanyň tehnologik daýanjyna öwrülýär. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň täze kuwwatlyklarynyň gurluşygy çagalary diňe bir bejergi bilen däl, eýsem, özümizde öndürilýän ýokary hilli ýöriteleşdirilen iýmitler bilen hem üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, hasabatyň her bir sanynyň aňrysynda belent maksadyň — her bir çaganyň bagtly we doly gymmatly durmuşa bolan hukugynyň durandygyny belledi. «Öý ýaraşygy — çaga» diýlişi ýaly, Türkmenistanda haýyr-sahawat diňe bir kömek bermek däl-de, eýsem, ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň iň gadymy hem-de asylly ynsanperwer duýga — raýdaşlyga hyzmat edýän ulgamlaýyn döwlet syýasatyna öwrüldi. Arkadag şäherinde geçiriljek dabaralar diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, sagdyn, berk we Watanyň şan-şöhratyny artdyrmaga ukyply nesilleriň güýç-kuwwatynyň syny bolar.
