Anna güni çap edilen resmi maglumatlara görä, Hytaýyň iň iri senagat kärhanalarynyň girdeýjisi 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,2 göterim artdy. Ösüşiň esasy hereketlendirijileri ösüp gelýän pudaklary — maşyngurluşyk we ýokary tehnologiýaly önümçilik boldy.
Milli statistika býurosynyň maglumatyna görä, esasy işinden gelýän ýyllyk girdejisi 20 million ýuandan (takmynan 2,9 million ABŞ dollary) az bolmaly däl senagat kärhanalarynyň ýanwar-fewral aýlaryndaky umumy girdeýjisi 1,02 trillion ýuana ýetdi.
Ýylyň ilkinji iki aýynda sebitler we edaralar has işjeň makroykdysady syýasaty durmuşa geçirmegi çaltlandyrdylar. Olar bar bolan we täze çäreleri toplumlaýyn ulanmaga üns berdiler. Munuň netijesinde iri senagat kärhanalarynyň peýdasynyň ösüşi çaltlandy we pudaklaryň köpüsinde ýokary ösüşe gözegçilik edildi diýip, Milli statistika býurosy habar berýär. Hytaýyň 41 sany pudaklaýyn derejesinden 24 pudagynda ilkinji iki aýyň peýdasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Şunda 26 pudakda ösüş depgini gowulandy: girdeýjiniň peselmeginden ösüşe geçildi ýa-da 2025-nji ýylyň umumy görkezijileri bilen deňeşdirilende gideýjiniň peselmesi azaldy.
Aýratyn hem ýokary tehnologiýaly önümçilikler görnetin netijeleri gazandylar: olaryň ýanwar-fewral aýlaryndaky umumy girdeýjisi ýyllyk hasaplamada 58,7 göterim artdy. Bu bolsa bütin 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende 45,4 göterim has çalt diýmekdir.
Hususan-da, intellektual uçuş enjamlarynyň önümçiliginden gelýän peýda 59,3 göterim, ulag serişdeleri üçin intellektual enjamlaryň çykarylyşyndan 50 göterim, beýleki intellektual sarp ediş gurluşlarynyň önümçiliginden bolsa 31,3 göterim artdy.
Mundan başga-da, täze ösüş görkezijileri bilen baglanyşykly pudaklardaky çalt ösüş we barha artýan isleg netijesinde, şol bir döwürde çig mal önümçiliginiň iri kärhanalarynyň peýdasy ýyllyk hasaplamada 88,3 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylky ösüşden 71,1 göterim ýokarydyr.
Ösüş we özgertmeler boýunça milli komissiýasynyň ýanyndaky Makroykdysady barlaglar akademiýasynyň ylmy işgäri Çen Si Hytaýyň senagat ykdysadyýetiniň 2026-njy ýylyň başynda oňat badalga alandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, täze hilli öndüriji güýçleriň we ösüşiň hereketlendirijileriniň çaltlandyrylan ösüşi bu ýerde möhüm orun eýeledi.
Bilermen senagatyň sanly we intellektual özgermeginiň, şeýle hem emeli aňyň ornaşdyrylmagynyň elektron komponentler, akylly gurluşlar we senagat robotlary ýaly pudaklarda peýdanyň çalt artmagyna ýardam edendigini düşündirdi. Bu bolsa, öz gezeginde, degişli önümçilik zynjyrlaryndaky kärhanalaryň görkezijilerini gowulandyrdy.
Şu bilen birlikde, «ýaşyl» we pes uglerodly pudaklar — mysal üçin, litiý-ion batareýalarynyň we fotoelektrik önümleriniň önümçiligi hem gowy girdeýjini görkezdi. Olar umuman senagat kärhanalary üçin möhüm ösüş şertine öwrüldi.
Çen Si senagat taýdan özgermeginiň we dörebaplaşdyrylmagynyň netijeliliginiň peýdanyň artmagynda öz beýanyny tapýandygyny, kärhanalaryň girdeji gurluşynyň bolsa yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady.