ORIENT | 28-nji mart. Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew «Hyzmatdaşlyk we ösüş» halkara sergisine taýýarlygyň ahyrky tapgyry barada hasabat berdi. Bu sergi 2-4-nji aprelde Aşgabatda geçiriler.
Sergä gatnaşmak üçin 80-den gowrak içerki we daşary ýurt kompaniýasy öz gatnaşygyny tassyklady. Sergi gurluşykçylaryň, energetikleriň, IT hünärmenleriniň we senagatçylaryň gyzyklanmalarynyň kesişýän giň platformasy bolmaga çalyşýar.
Üns merkezinde bolsa häzirki zaman şäher gurşawy üçin toplumlaýyn çözgütler bar. Olar:
• Intellektual ulgamlary: «akylly öý» tehnologiýalary, binalaryň awtomatlaşdyrylyşy we giriş gözegçiligi ulgamlary;
• Infrastruktura we gurluşyk: fasad çözgütlerinden we metall önümlerinden başlap, park zolaklary we şäher hojalygy üçin enjamlara çenli;
• Energiýa tygşytlylygy: ýyladyş, wentilýasiýa (HVAC) ulgamlary we döwrebap gün energiýasy çözgütleri;
• Inžener ulgamlary: kabeller ulgamlary, santehniki enjamlary we iň täze gurluşyk himiki materiallary.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň daşary söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin möhüm gural bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz serginiň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de onuň Türkmenistanyň önümçilik kuwwatyny görkezmekde we milli ykdysadyýete ösen tehnologiýalary çekmekde ähmiýetini belledi.
Sergi şäher gurluşyk bilen baglanyşykly amaly zerurlyklara gönükdirilip, türkmen telekeçiligine «çylşyrymly» komponentleriň öndürijileri bilen gönüden-göni gatnaşyk gurmak mümkinçiligini berýär. Bu bolsa mebel panellerinden başlap, howpsuzlyk ulgamlaryna çenli ýaly ugurlary öz içine alýar; daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa ýurdumyzyň uly infrastruktura taslamalarynda orun eýelemek mümkinçiligidir.
