
Los-Anjeles şäherinde eminler kazyýeti taryhy çözgüt kabul edip, Meta (Instagram-yň eýesi) we Google (YouTube-yň eýesi) kompaniýalaryny algoritmleriň garaşlylyk dörediji täsiri sebäpli ulanyjynyň saglygyna zyýan ýetirmekde jogapkär diýip ykrar etdi. Kaliforniýada ýaşaýan 20 ýaşly zenana 6 million dollar möçberinde öwez tölegi bellenildi.
Aýyplamanyň düýp manysy: «Emeli garaşlylyk»
Kazyýet işi takmynan bir aý dowam etdi. Adwokatlar platformalaryň ýaşlarda garaşlylygy döretmek maksady bilen ýörite döredilendigini subut etdiler. Işiň merkezinde sosial torlary köp ýyllap ulanmagyň netijesinde psihiki saglygy zyýan çeken gyzyň hekaýasy bar.
Eminler tehnologiýa ägirtleriniň önümlerini işläp taýýarlamakda biperwaýlyk edendigine netije çykardylar. Gorag tarapy goşundylaryň käbir aýratynlyklaryny çagalaryň durmuşyna aralaşyp, olaryň wagtyna we ünsüne gözegçiligi ele alýan «Troýan atlary» bilen deňeşdirdi.
Tehnologiýa kompaniýalarynyň we bilermenleriň reaksiýasy
Kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Mark Sukerberg, platformalaryň oňyn täsir edýändigini öňe sürdüler. Instagram-yň ýolbaşçysy Adam Mosseri kliniki garaşlylygyň bardygyny tassyklaýan ylmy subutnamalaryň ýokdugyny aýdyp, goşundylaryň aşa ulanylmagyny diňe «meseleli peýdalanmak» diýip häsiýetlendirdi. Meta we Google bu karary şikaýat etmek niýetiniň bardygyny mälim etdiler.
Karara goldawyny Sasseks gersogy we gersoginýasy hem beýan etdiler. Garri we Megan bu çözgüdiň «perdäni az-kem açandygyny» we meseläniň köküniň terbiýede däl-de, önüm dizaýnynda ýatandygyny tassyklaýandygyny bellediler.
Bu kazyýet işi Instagram, YouTube, TikTok we Snapchat garşy giň gerimli arzalaryň ilkinji tapgyry bolup durýar. Häzirki wagtda 1600-den gowrak talap edijiler, şol sanda ýüzlerçe maşgalalar we mekdep etraplary meňzeş talaplary taýýarlaýarlar.
Ýuristler «derwezeler açyldy» diýip belleýärler. Indi sosial torlar öz algoritmleriniň netijeleri üçin resmi taýdan jogapkärçilige çekilip bilner, bu bolsa tehnologiýa pudagyndaky düzgünleri düýpgöter üýtgeder.
ORIENT