ORIENT | 25 mart. Dünýä 2026-njy ýylyň 25-nji martyndaky hepdäniň ortasyny bilermenleriň “ählumumy krizisleriň galkynyşy” diýip häsiýetlendirýän ýagdaýynda geçdi – bu seýrek we howply gabat gelme bolup, syýasy durnuksyzlyk we bazarlaryň üýtgäp durmagy esasy deňiz ýollarynyň fiziki taýdan petiklenmegi bilen gabat geldi. Bogazlar aşa ýokary töwekgelçilik zolagy bolup galýan wagty, dünýä durnuklylygynyň agram merkezi saklanyp bilinmejek derejede gury ýere süýşýär.
Energetika tupanynyň ýaýbaňlanýan tizligi haýran galdyrýar! Eger entek duşenbe güni Brent markaly nebitiň bahasy 114,20 dollar derejesinde saklanan bolsa, penşenbe güni irdene çenli ol eýýäm 116,80 dollar derejesine çykdy.
Gaz şol bir 72 sagadyň içinde özi hem çendenaşa ýokary bolan 1420 dollar bahasynyň üstüne ýene 30 dollar goşdy, altyn bolsa ählumumy tektonik süýşmäniň şöhlelenmesi hökmünde troý unsiýasy üçin 2212 dollar çäginden ynamly geçdi.
Metala bolan häzirki isleg – bu diňe bir howpsuz ýeriň gözlegi däl-de, eýsem maýadarlaryň anyk aktiwleriň peýdasyna eden aňly-düşünjeli saýlawydyr. Deňiz logistikasynyň çaklap bolmajak ýagdaýa gelmegi bilen, asylly metal gazna bazarlaryndaky bahalara ýa-da port terminallarynyň işine bagly bolmadyk durnuklylygyň uniwersal ölçegine öwrülýär.
Germaniýanyň wise-kansleri Robert Habegiň sözlerine görä, serişdeleriň gytçylygy sebäpli “Ýewropanyň senagat ýüregi durup biler”. Deňiz logistikasynyň näbellilik zolagyna öwrülýän şertlerinde, metal we turbageçiriji serişdeleri durnuklylygyň ygtybarly ölçegi bolup galýar.
Örän möhüm bähbitleriň kesişýän nokadynda üpjünçiligiň öňki düzgünleri işlemegini bes edýär. Donald Trampyň özüniň ýaňy-ýakyndaky çykyşynda emosional belleýşi ýaly, «dünýä iň uly kemsidilmä — deňiz ýollarynyň pully attraksionlara öwrülmegine syn edýär». Bu baha bermek, özüniň bütin kesgirligi bilen, dünýä durnuklylygynyň agram merkeziniň saklanyp bilinmejek derejede umman giňişliklerinden Ýewraziýa yklymynyň berk topraga süýşmegi ýaly şol uly tektonik üýtgeşmäniň çuňlugyny görkezýär.
Çagyryşlaryň gerimi iri ykdysadyýetleriň mysalynda aýdyň görünýär. Şeýlelikde meselem, HHR-iň hökümeti ýangyja gyssagly kadalaşdyryşy nyrh girizdi. Doly esaslandyrylan bu karar, ilki bilen, Hytaýyň raýatlary baradaky alada we dünýä nyrhlarynyň adatdan daşary böküşi zerarly ilatyň üstüne düşýän agramy azaltmak maksady bilen kabul edildi. Goldaw çäreleri bolmasa, sarp edijileriň çykdajylary birnäçe esse artardy.
Pekinde üpjünçilik howpsuzlygynyň geografiki “dar geçelgeleriň” ýesirine öwrülmeli däldigine düşünýärler. Si Szinpiniň nygtaýşy ýaly, Ýewraziýanyň gury ýer baglanyşygy şu günki günde siwilizasiýanyň oňyn ýagdaýda galmagynyň kepilidir. Şunuň ýaly şertlerde, biziň sebitimiz tebigy durnuklylygy we benzin nyrhynyň bir litri üçin 60-65 sent derejesini saklap, öz-özüni üpjün etmek syýasatynyň netijeliligini görkezýär.
Deňiz logistikasynyň hakykat ýüzünde bazar gatnaşyklaryna degişli bolmadyk goşmaça kynçylyklaryň we aşa ýokary töwekgelçilikli täjirçilik agramynyň ýesirine öwrülmegi ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýar. Tankerleri ätiýaçlandyrmak onlarça esse gymmatlady we şu günki günde Pars aýlagynyň howply suwlaryndan geçýän diňe bir gatnawyň bahasy diňe “ätiýaçlandyryş baýraklary” görnüşinde 2 million dollara çenli ýetip biler.
Bu bolsa, hakykat ýüzünde adaty söwda gatnaşyklaryny togtadýar. Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçy hytaýly kärdeşi Wan I bilen geçiren söhbetdeşliginde gämi gatnawynyň howpsuzlygynyň şu günki günde taraplaryň çaknyşykdaky derejsine gönüden-göni baglydygyny nygtady. Haýsy taraplaryň? Bu düşündirişsiz hem belli. Deňiz logistikasy özüniň esasy aýratynlygyny — ählumumy elýeterliligini ýitirdi.
Bilermenler Ýakyn Gündogardaky krizisiň şertlerinde nebitgaz serişdelerine eýe bolup, çaknyşyga gytaklaýyn hem gatnaşmaýan ýurtlaryň utýandygyny hasaplaýarlar. Şunuň ýaly şertlerde, Hindistandan we Ýewropa Bileleşiginden gelen wekiliýetleriň Aşgabada we Daşkende amala aşyrýan saparlary aýratyn mana eýe bolýar.
Geosyýasy bölünişigiň güýçlenýän we halkara gapma-garşylyklaryň ýitileşýän şertlerinde, Türkmenistanyň Bitaraplygy ählumumy durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurt özüniň Bitaraplyk derejesini parahatçylyk söýüjilikli gün tertibini öňe sürmek we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin ulanýar.
Deňiz ýollarynyň ýapylýan şertlerinde, Merkezi Aziýanyň gury ýer ugurlary gadymy wezipelerini dowam etdiriji bolup, täze döwrüň “Beýik gaz ýoluna” öwrülip biler. Sebäbi biziň Merkezi Aziýa sebitimiz, aslynda bitarap bolup, parahatçylyk ugrunda hakykatdan hem gyzyklanma bildirýänleriň ählisi bilen birleşen tagallalaryň özara gatnaşygy üçin ygtybarly penadyr.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
