ORIENTIR | 23-nji mart. “Kämil tupanlar” bolýarmy? Meniň pikirimçe, bu gaty bir mümkin däl... Emma dünýä 2026-njy ýylyň 23-nji martyndaky iş hepdesine käbir bilermenleriň “kämil tupan” diýip atlandyrýan ýagdaýynda gadam basdy. Bu diňe bir krizis bolman, eýsem syýasy erkiň, ykdysady bulam-bujarlygyň we üpjünçilik ýollarynyň fiziki taýdan weýran bolmagynyň bir nokada uran betbagtçylykly pursatydyr.
Birža tablolary gyzyl reňkde gyrpyldap, dünýä metbugatynyň sözbaşylary bu habarlary aýtmakda biri-biri bilen bäsleşýän wagty, biz bazarlary aslynda nämäniň herekete getirýändigine we bu durnuksyzlyk ummanynda nireden durnukly ýeri gözlemelidigine düşünmek üçin dünýäniň sahnasynyň sahnagarkasyna göz aýlamagy teklip edýäris.
Eýsem, näme üçin käwagt “asuda duralga” hem çaýkanýar? Duşenbe güni irden “altyn paradoksy” ýüze çykdy – metalyň bahasy troýa unsiýasy üçin 2205 dollar derejesine gaýtadan ýokary galmazdan ozal, gysga wagtyň içinde 2165 dollara çenli aşaklady.
Düşünmedik adam üçin bu gowşaklyk ýaly görnüp biler, ýöne hakykat has çuňdur. Ählumumy derejede dowul turan pursatlarynda iri gaznalar altyny onuň gymmaty gaçýandygy üçin däl-de, bilermenleriň pikiriçe, batan portfellerini halas etmek üçin altynyň derrew nagt pula öwrüp bolýan ýeke-täk likwid aktiw bolandygy üçin satýarlar.
Altyn dünýä maliýe ulgamynda edil janly organizmdäki gan ýaly wezipäni ýerine ýetirýär, asylly metalyň bahalarynyň üýtgemegi bolsa diňe täze böküşiň öňündäki gysga wagtyň dynç alşydyr. Häzirlikçe dünýäde “kagyz pullar ýanýar, metal bolsa ebedidir” diýen pikir höküm sürýär.
Energetika frontunda ýagdaý Brent markaly nebitiň oýnaýan bahalary sebäpli dartgynlylygygy saklaýar, ol häzirlikçe barrel üçin 114,20 dollar derejesinde durýar, bu bolsa anna gününden bäri 2,80 dollar ýokarydyr. Bilermenler Dohadan gelen habarlary doly “özleşdirdiler” – ol ýerdäki gaz eksport edijileriniň gyssagly sammiti bazar üçin “çalt serişdeleriň” ýokdugyny tassyklady.
Muňa derek, Ýewropada gazyň bahasy käwagt müň kub metr üçin 1420 dollar derejesine çykdy. Bazar şol bir Dohadan gelen habarlaryň netijelerine agyryly düşünýär, ondan soň Kataryň serişdeleriň çalt dolanmazlygy aýdyň boldy. Katardaky zawodlaryň konserwasiýa edilmeginiň tehniki näsazlyk däl-de, dünýäniň suwuklandyrylan tebigy gazynyň 20 göteriminiň uzak aýlap bazardan hakyky aýrylmagydygyny görkezdi.
Muňa gämi eýeleriniň Ormuz bogazyndan howpsuz geçmek üçin resmi däl görnüşde 2 million dollar tölemäge mejbur edilýändigi baradaky habar bilen dörän “gorky salgydy” hem goşulýar. Iň soňky maglumatlara görä, beýle ýagdaýlar indi ýeke-tük däl. Bu täze, ahlaksyz hakykatdyr – deňiz logistikasy seýrek duş gelýän ýagdaýa öwrüldi. Bu ýerde öňki ykrar edilen umumy düzgünler we kanunlar geçmişe garylyp gitdi.
Şeýle agyr ýagdaýda serişde garaşsyzlygynyň ähmiýeti has aýdyň görünýär. Londonda we Berlinde benziniň bir litriniň bahasy üç dollar derejesine golaýlaşýan barýan wagty, biziň sebitimizde ol 60-65 sent derejesinde galýar. Bu tötänlik däl-de, energetika öz-özüňi üpjün etmek syýasatynyň netijesidir.
Dünýä liderleri — Donald Trampyň ýiti beýanatlaryndan başlap, Pekiniň howpsuz gury ýer ýollaryny döretmek baradaky amaly çagyryşlaryna çenli — öz ynjalyksyzlygyny gizlemeýärler.
Hususan-da, ABŞ-nyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde örän gutarnykly boldy: “Biz taryhdaky iň uly energetika bulam-bujarlygyny başdan geçirýäris. Eger biz gözegçiligi dikeltmesek, dünýä bir barrel üçin 300 dollarlyk baha duçar bolar”.
Şol bir wagtyň özünde, HHR-iň DIM-niň resmi wekili: “Hytaý deňiz galtamançylygyndan we syýasy oýunlardan goralan ugurlaryň howpsuzlygyny kepillendirmegi başarýan hyzmatdaşlary goldar” – diýip, mälim etdi.
Sorag: Bu biziň sebitimiziň gury ýer geçelgelerine tarap berlen yşarat dälmikä?
Ähli öňki “gyzyl çyzyklardan” geçip barýan bu howply ýagdaý bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “China Global Television Network” halkara habarlar teleýaýlymyna beren interwýusynda beýan eden Türkmenistanyň garaýşyny ýatlatmak isleýäris:
“Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär. Munuň özi biziň üçin diňe iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak bilen bagly soragdyr. Sebäbi uruşlar, ilki bilen, adamlara, olaryň ykbalyna, durmuş ýagdaýlaryna, arzuw-hyýallaryna we umytlaryna zarba urýar. Uruşda bularyň ählisi bir pursatda ýom-ýok bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde uruş etmek üçin tagallalary iki esse artdyrmaly däl-de, şol uruşlary aradan aýyrmak üçin on esse tagalla etmeli”.
Ýakyn Gündogardaky häzirki wagtda ýüze çykan ýagdaý ilkinji gezek gaýtalanýan zat däl. Emma 1973-nji ýylyň krizis tejribesi häzirki ählumumy energetika tupanynyň has howpludygyny görkezýär — şol wagt, 1973-nji ýylda krizis syýasydy we meseläni işjeň diplomatiýa arkaly çözüp bolýardy, şu günki gün bolsa gürrüň weýran edilen infrastruktura — petiklenen aýlaglar, ýok edilen zawodlar we terminallar barada barýar. Edil şonuň üçin hem, eger ýagdaý şeýle dowam etse, geljekde öz garaýyşlaryny gury ýer geçelgelerine tarap öwürjek ykdysadyýetler özlerini has oňat duýarlar.
Bu täze hakykatda biziň sebitimiz ygtybarly “energetika galkanyna" öwrülýär. Biz ygtybarly turba geçirijilerine we öz baý ýerasty serişdelerimize daýanyp, deňiz bogazlarynyň nätanyş amallaryna garaşly dälisidiris.
Öz syn-beýanymyzyny jemläp, şu duşenbe güni (we diňe bir bu gün däl) iň gyt harydyň altyn däl-de, eýsem biziň asudalygymyzdygyny ykrar etmelidiris. Dünýä geljegiň kartasyny täzeden gurmaga synanyşýan wagty, biz Durmuş atly bu harasatly deňizde öz ugrumyzy ynamly saklap, öz topragymyzda her günki işimizi dowam etdirýäris.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
Biziň ORIENTIR makalamyz hepdede üç gezek: duşenbe, çarşenbe we anna günleri çykar. Çarşenbe güni, 25-nji martda indiki duşuşyga çenli.
