Daşkentdäki Häzirki zaman sungaty merkezi dünýäniň iň gyzykly ýerleriniň biri hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Abraýly TIME žurnaly paýtagtdaky bu merkezi ýyllyk “Dünýäniň iň ajaýyp ýerleri 2026” (World’s Greatest Places 2026) sanawyna goşdy diýip, Yuz.uz habar berýär.
TIME-niň sanawy diňe meşhur ýerleriň sanawy däl-de, eýsem halkara habarçylar we bilermenler toparynyň işiniň netijesidir. Ýeňijiler saýlanylanda redaksiýa taslamanyň täzeligini, medeni täsirini we myhmanlara hödürleýän täsin tejribelerini göz öňünde tutdy. Daşkent bilen birlikde sanawa dünýäniň iň meşhur myhmanhanalary, muzeýleri we gözel ýerleri hem girizildi.
Merkeziň bu sanawa girizilmegi Daşkendiň Merkezi Aziýanyň çalt ösýän medeni merkez hökmünde ornuny tassyklaýar. Merkez milli mirasyň häzirki zaman ugurlary bilen gabat gelýän meýdançasyna öwrüldi. Paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin bu dünýä derejesindäki sergilere, bilim maksatnamalaryna we täsin sungat taslamalaryna elýeterliligi aňladýar.
Häzirki wagtda bu merkez diňe bir muzeý däl, eýsem döredijilik we dialog üçin janly giňişlikdir. Halkara derejesinde ykrar edilmegi Özbegistana sungat söýüjileriň we täze medeni giňişlik bilen tanyşmak isleýän syýahatçylaryň has köp gelmegine itergi berer diýip garaşylýar.
ORIENT
