Amerikan kino režissýory Stiwen Spilberg Forbes žurnaly tarapyndan dünýäniň iň baý milliarder meşhur adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Häzirki wagtda onuň baýlygy rekord derejede 7,1 milliard amerikan dollary diýip bahalandyrylýar. Geçen ýylyň dowamynda kino sungatynyň 79 ýaşly ussady öz baýlygyny 1,8 milliard dollar artdyrmagy başardy.
Spilbergiň üstünligi diňe onuň filmleriniň kassa ýygymlary bilen baglanyşykly däl. Onuň filmleri dünýä boýunça jemi 10 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi. Şeýle-de onuň passiw girdejileriniň möhüm çeşmelerinden biri özboluşly şertnamalardyr: režissýor Universal Studios tematiki seýilgählerinde satylan her bir biletiň nyrhynyň bir göterimini alýar. Bu ýagdaý täze taslamalaryň çykmagyndan garaşsyz ýagdaýda onuň baýlygynyň durnukly ösmegine mümkinçilik berýär.
Spilbergiň döredijilik ýoly dünýä kinosyna birnäçe meşhur eserleri peşgeş berdi. Olaryň arasynda "Äň", "Ýura döwrüniň seýilgähi", "Şindleriň sanawy" hem-de meşhur Indiana Jons baradaky kinolar toplumy bar. Soňky ýyllarda hem režissýor ýokary döredijilik işjeňligini saklaýar. Onuň soňky işleri bolan "Westsaýd hekaýasy" we "Fabelmanlar" awtobiografik dramasy tankytçylar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, onuň häzirki zaman kinosynyň öňdebaryjy režissýorlarynyň biri hökmünde abraýyny tassyklaýar.
ORIENT
