Ýekşenbe we duşenbe günleri aralygynda Parižde Hytaýyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda taraplary gyzyklandyrýan ykdysady we söwda meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk, çuňňur we netijeli duşuşyk geçirildi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda nyrh ylalaşyklary, ikitaraplaýyn söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmek, şeýle hem ozalky geňeşmelerde gazanylan ylalaşyklary saklap galmak ýaly temalar boldy.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gazanylan möhüm ylalaşyklara laýyklykda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar täze ylalaşyklara gelmegi başardylar we maslahatlaşmalary dowam etdirmek barada karara geldiler.
Iki döwlet Baştutanynyň arasyndaky möhüm umumy ylalaşyklaryň strategik ýolbaşçylygynda hem-de geçen ýyl geçirilen ykdysady we söwda geňeşmeleriniň bäşinji tapgyryndan soňra, Hytaý we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ykdysady hem-de söwda ulgamynda birnäçe netijeleri gazandylar – diýip, Hytaýyň wise-premýeri He Lifen ABŞ-nyň Maliýe ministri Skott Bessentiň we ABŞ-nyň söwda wekili Jeýmison Gririň gatnaşmagynda geçen hytaý – amerikan ykdysady we söwda gepleşikleriniň täze tapgyrynyň dowamynda mälim etdi.
He Lifeniň aýtmagyna görä, bu netijeler ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklaryna, şeýle hem dünýä ykdysadyýetine has uly anyklyk we durnuklylyk berdi.
Ýakynda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň Halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar hakyndaky kanuna laýyklykda hökümet tarapyndan girizilen gümrük paçlaryny bikanun diýip yglan edendigini He Lifen mälim etdi. Şeýle-de ol amerikan tarapynyň muňa jogap edip, 1974-nji ýylyň Söwda hakyndaky kanunynyň 122-nji maddasy esasynda ähli söwda hyzmatdaşlary üçin goşmaça 10 göterimlik import tölegini girizendigini we Hytaýa garşy 301-nji madda boýunça derňewleri, korporatiw sanksiýalary hem-de bazara giriş çäklendirmelerini öz içine alýan birnäçe oňaýsyz çäreleri yzygiderli amala aşyrandygyny belledi.
Hytaý Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan girizilen birtaraplaýyn gümrük paçlaryna yzygiderli garşy çykýar diýip, He Lifen belledi we Waşingtony bu görnüşli paçlary hem-de beýleki çäklendiriji amallary doly ýatyrmaga çagyrdy.
Hytaý özüniň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini berk goramak üçin zerur ädimleri ätjekdir diýip, He Lifen sözüniň üstüni ýetirdi.
Hytaý Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň hem şol bir ugra eýerip, iki döwlet Baştutanynyň arasynda gazanylan möhüm ylalaşyklary berjaý etmegine, hyzmatdaşlyk meýdançalaryny giňeltmegine we hytaý – amerikan ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň sagdyn, durnukly we dowamly ösmegine ýardam etmek üçin bar bolan meseleleri azaltmagyna garaşýar — diýip, He Lifen belledi.
Amerikan tarapy durnukly hytaý – amerikan ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň iki ýurt we bütin dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini hem-de ählumumy ykdysady ösüşe, üpjünçilik zynjyrynyň howpsuzlygyna we maliýe durnuklylygyna ýardam edýändigini mälim etdi. Iki tarap hem düşünişmezlikleri azaltmaly, ýagdaýyň ýitileşmeginden gaça durmaly we garaýyşlaryň dürlüligini geňeşmeler arkaly çözmeli.
Taraplar ikitaraplaýyn söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek meselesini öwrenmek, hytaý – amerikan ykdysady we söwda geňeşmeleri mehanizmini netijeli ulanmagy dowam etdirmek, gepleşikleri we özara gatnaşyklary berkitmek, düşünişmezlikleri talaba laýyk çözmek, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek we ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň durnukly, sagdyn ösmegine ýardam etmek barada ylalaşdylar.