Hytaýda öndürilen uçarmansyz uçýan enjamlaryň oba hojalygynda ulanylmagy dünýä boýunça oba hojalyk tehnologiýalarynda düýpli özgeriş döredip, zähmet öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrýar hem-de ekologiýa durnuklylygyny güýçlendirýär.
Özbegistanda ýurduň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak taslamasynyň çäklerinde adamlar hytaý oba hojalyk dronlaryny dolandyrmagy öwrenip başladylar.
Taslamanyň birinji tapgyrynda ýurda şeýle dronlaryň 100 sanysy getirilip, hytaýly hünärmenler Özbegistanyň dürli ýerlerinde 30 sany hünärmene oba hojalygynda dronlary dolandyrmagy öwredýärler.
«Hytaýyň saýlanylmagynyň sebäbi häzirki wagtda dünýä bazarynda uçarmansyz uçýan enjamlaryň we innowasion tehnologiýalaryň takmynan 70 göteriminiň Hytaýa degişli bolmagydyr. Bu dronlaryň kömegi bilen ýer ulanyjylary üçin hyzmat ulgamy dörediler», — diýip, Özbegistanyň «Uzdawerloýga» döwlet ylmy-konstruktorçylyk institutynyň uçarmansyz uçýan enjamlaryny ulanmak bölüminiň ýolbaşçysy Sardor Gulomow aýtdy.
Beýik Britaniýada oba hojalyk dronlary diňe bir daýhanlaryň fiziki zähmetini ýeňilleşdirmän, eýsem olaryň çykdajylaryny azaltmaga hem kömek edýär. Olar ýyladyşhanalary arassalamakdan başlap, hasylyň ýagdaýyna gözegçilik etmek we tohum ekmek ýaly işlerde ulanylýar.
Akylly oba hojalyk tehnologiýalary boýunça dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan Hytaýyň XAG kompaniýasynyň dronlary Liwerpul şäheriniň golaýyndaky kiçi fermada hem ulanylýar.
«Eger siz polietilen ýyladyşhanalaryň üstüni her ýyl arassalan bolsaňyz, onda her ýyl rekord derejede hasyl alyp bilerdiňiz. Bu bolsa hem daýhan, hem-de daşky gurşaw üçin uly peýdadyr», — diýip, Autospray Systems Ltd kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Pirson aýtdy.
Koreýa Respublikasynyň esasy tüwi ösdürilýän sebitlerinde daýhanlar hytaýda öndürilen dronlary ekin ekmek we dökün sepmek üçin ulanýarlar.
Mozambigiň Gaza welaýatynda Hytaý bilen Afrikanyň bilelikde döreden oba hojalyk parkynyň ýaşyl meýdanlarynyň üstünde hytaý drony asuda ýagdaýda uçýar.
Adaty el bilen sepmek usuly bilen deňeşdirilende, bir dron bir sagadyň dowamynda 6,7 gektardan gowrak ekin meýdanynda iş geçirip bilýär.