
Apple kompaniýasynyň ilkinji eplenýän smartfony — häzirki wagtda iPhone Fold diýen iş ady bilen tanalýan täze enjam — smartfonyň ykjamlygyny planşetiň mümkinçilikleri bilen birleşdirer. Enjam iň täze A20 Pro çibinde işlär we Samsung tarapyndan üpjün edilýän 12 GB operatiw ýada eýe bolar.
Täze modeliň esasy aýratynlygy emeli aň bilen işlemek üçin ýörite optimizirlenen enjam üpjünçiligidir. Operatiw ýadyň artdyrylan möçberi uly ekranda interfeýsiň durnukly işlemegini üpjün eder we öň diňe iPad we Mac enjamlarynda elýeterli bolan professional programma üpjünçiligini işe goýbermäge mümkinçilik berer. Bu bolsa ulanyjylara öndürijiligi ýitirmän, çylşyrymly meseleleriň arasynda dessine geçmäge şert döreder.
Gajetiň gurluşy kitaba meňzeýär: ýapyk ýagdaýynda ol adaty smartfon görnüşinde bolýar, açylanda bolsa takmynan 8 dýuým diagonally giň iş meýdanyna öwrülýär. Şarnir üçin ulanylýan innowasion materiallaryň we täze görnüşli çeýe aýnanyň kömegi bilen inženerler korpusy mümkin boldugyça inçe edip, şol bir wagtyň özünde enjamyň ýokary berkligini saklamagy başardylar.
Köpden bäri garaşylýan bu täze enjamyň resmi tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda garaşylýar. Bu enjamyň bazara çykmagy soňky ýyllarda tehnologiýa pudagyndaky iň möhüm wakalaryň biri bolup, işlemek we kontent sarp etmek üçin täze derejedäki amatlylygy hödürläp biler.
ORIENT