Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşdy.
«Akhal-teke Affinity Co. LTD» jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoeniň gatnaşmagy duşuşyga aýratyn mähirli ruh berdi. Bu ýagdaý şahsy yhlas bilen başlanan işiň döwletara hyzmatdaşlygyň derejesine çykyp bilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Duşuşyga Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Takuma Miýadzi hem-de ýapon atşynaslary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän giň gerimli çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň atçylyk pudagyndaky döwlet syýasaty bilen tanyşdyryldy. Ýapon bilermenleri bilen bilelikde atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykdan soňra gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän Ahalteke bedewiniň heýkeline baryp gördüler. Dünýäniň iň tehnologik paýtagtlarynyň biriniň merkezinde şeýle ýadygärligiň bolmagy hakyky gözelligiň we milli däpleriň hemişe mizemez baýlyk bolup durýandygyny açyp görkezýär.

