
“Yandex” kompaniýasy we “L. N. Tolstoýyň mirasy” halkara gaznasy beýik ýazyjynyň 200 ýyllyk ýubileýi mynasybetli giň gerimli sanly taslamany işe girizýärler. TASS agentliginiň habar bermegine görä, tehnologiýa ägirdi “Uruş we parahatçylyk” eseriniň awtorynyň ägirt uly medeni mirasyny emeli aňyň kömegi bilen gorap saklamak we ulgamlaşdyrmak maksady bilen gaznanyň baş hyzmatdaşyna öwrüldi.
Işiň esasy tapgyrlarynyň biri döwlet muzeý-goraghanasyndaky golýazmalar gaznasyny sanly görnüşe geçirmek bolar. Hünärmenler takmynan 2 million sahypany, şol sanda seýrek duş gelýän garalamalary hem sanly formata geçirerler. Bu materiallar geljekde dörediljek wirtual golýazmalar muzeýiniň esasyny düzer. Bu muzeý dünýäniň dürli ýurtlaryndaky alymlara we okyjylara arhiw resminamalaryna erkin elýeterlilik döreder.
Tekstleri sanlylaşdyrmakdan başga-da, taslama doly derejeli sanly ekoulgamyny döretmegi hem göz öňünde tutýar. Emeli aň seýrek arhiw suratlaryny gaýtadan işlemäge kömek eder, häzirki zaman sintez tehnologiýalary bolsa ýazyjynyň sesini dikeltmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Tolstoýyň eserleriniň esasynda wirtual dünýä döretmek meýilleşdirilýär, bu bolsa nusgawy edebiýata häzirki zaman tehnologiýalarynyň nukdaýnazaryndan täzeçe seretmäge mümkinçilik berer.
Täze taslamanyň esasy hökmünde eýýäm bar bolan “Tolstoýyň sözleri” atly platforma hyzmat eder. Onuň gatnaşyjylary soňky on ýylyň dowamynda ýazyjynyň doly eserler ýygyndysynyň 90 jildini sanlylaşdyrdylar we köp sanly interaktiw materiallary taýýarladylar. “Yandex” bilen hyzmatdaşlyk bu işi täze derejä çykaryp, Tolstoýyň mirasyny sanly nesil üçin has elýeterli we düşnükli eder.
ORIENT