Şu ýyl Hytaý hökümeti ilkinji gezek täze görnüşli intellektual ykdysadyýeti döretmek boýunça strategiýasyny öňe sürdi. Bu ädim emeli aň pudagy üçin özboluşly mümkinçilikleri açar diýip garaşylýar. Döwlet ösüşiniň esasy maksatlary Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Sýan tarapyndan ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy edarasy bolan 14-nji Ählihytaý halk wekilleri ýygnagynyň 4-nji sessiýasynda beýan edildi.
Resmi hasabatda aýdylyşyna görä, Hytaý «AI +» başlangyjyny işjeň öňe sürmegi maksat edinýär. Bu başlangyç esasy senagat pudaklarynda intellektual terminalyň we täze nesil ulgamlarynyň çalt ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Hytaýyň Milli ösüş we özgertmeler toparynyň bilermenleri emeli aňyň ýurduň önümçilik kuwwatlaryny täzeden gurmagyň esasy hereketlendirijisi boljakdygyny belläp geçýärler.
Hünärmenler Hytaýyň giň gerimli bazarynyň täze tehnologiýalary synagdan geçirmegiň örän oňat meýdançasy bolup durýandygyny nygtaýarlar. Ýokary hilli önümler ulanyş prosesi bilen kämilleşdirilýär, şonuň üçin hökümet ylmy-barlag işleriň hakyky ykdysady pudakda amaly taýdan peýdalanylmagyny goldar. Mundan başga-da, emeli aňy jemgyýetiň gündelik durmuşyna has çuňňur ornaşdyrmak maksady goýulýar.
Täze strategiýanyň möhüm aýratynlygy iş bilen üpjünçilik meselelerine üns bermek boldy. Hökümet telekeçiligi goldap, ýokary tehnologiýaly döwre uýgunlaşdyrylan iş orunlaryny döretmegi meýilleşdirýär. Bu sanly ulgamlaryň howpsuz we adalatly ösdürilmegini göz öňünde tutýan «AI adamlaryň bähbidine» diýen halkara ýörelgesi bilen gabat gelýär.
Geçen ýyl Hytaýda emeli aň pudagynyň möçberiniň 1 trillion 200 milliard ýuany geçendigini bellemek zerur. Bu bolsa takmynan 174 milliard amerikan dollaryna deňdir. Häzirki wagtda ýurtda bu ugurda ýöriteleşen 6 müň 200-den gowrak kompaniýa iş alyp barýar.