OpenAI kompaniýasy öz dil modeliniň täze wersiýasy — GPT-5.3 Instant modelini tapgyrlaýyn ýagdaýda ulanyşa girizip başlady. Täzelenmäniň esasy ugry emeli aňyň «özüni alyp barşynyň» düýpli üýtgemegi boldy: indi ChatGPT bilen gatnaşygy has öndürijilikli we az resmi häsiýetli bolar.
Esasy kämilleşdirmeler we täze mümkinçilikler
Işläp düzüjiler aragatnaşyk äheňine hem-de jogaplaryň hiline aýratyn üns berdiler. Esasy üýtgeşmeler şulary öz içine alýar.
• Göni jogaplar, artykmaç düşündirişsiz: Model indi zyýansyz soraglara jogap bermekden has seýrek ýüz öwürýär we uzyn giriş düşündirişlerini ulanmaýar diýen ýaly.
• Internet bilen çuň integrasiýa: Tor boýunça gözleg has kämilleşdirildi. Neýrotor internediň täze maglumatlaryny öz esasy bilimleri bilen has gowy utgaşdyryp, gurluşly we häzirki zaman maglumatlary berýär.
• Takyklyk we kontekst: GPT-5.3 Instant soragyň gizlin manysyna has gowy düşünýär, uzak dialoglarda pikirleriň yzygiderliligini has durnukly saklaýar we maglumat ýalňyşlyklary (galýusinasiýalary) ep-esli az goýberýär.
• Yzygiderli äheň: Bir çatyň çäginde model saýlanan aragatnaşyk stilini saklaýar, bu bolsa döredijilik we iş meselelerini çözmekde ony has amatly gural edýär.
Häzirki wagtda GPT-5.3 Instant tölegli abuna hyzmatlary bolan ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Öňki wersiýa — GPT-5.2 Instant — wagtlaýynça arhiw modelleriniň (Legacy Models) bölüminde saklanýar, emma onuň goldawy 2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda doly bes ediler.
ORIENT
