Eýranda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýitileşmegi bilen baglanyşykly, Eýran Yslam Respublikasyndan (EYR) Türkmenistanyň üsti bilen ewakuasiýa edilen 25 sany Hytaý raýatyndan ybarat ilkinji topar çarşenbe güni irden watanyna ugrady.
Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan berlen habara görä, topar sişenbe güni Türkmenistanyň çägine Sarahs serhet geçelgesi arkaly girdi. Soňra çarşenbe güni irden olaryň uçmagy üçin howa gatnawy üpjün edildi.
Ilçihana Hytaý raýatlaryna olaryň tiz ewakuasiýa edilmegini ýeňilleşdirmek maksady bilen türkmen tarapynyň Bajgiran serhet geçelgesini açandygyny ýatlatdy. Çarşenbe gününden başlap, Türkmenistanyň üsti bilen gaýdyp gelmegi meýilleşdirýänlere Eýrany hut şu geçelge arkaly terk etmek maslahat berilýär.
“Ysraýyl, ABŞ we Eýranyň arasynda dörän duýdansyz çaknyşyk şeýle çalt güýçlenensoň, 28-nji fewralda başlanan badyna Eýranda ýerleşýän Hytaýyň ilçihanasynyň konsullyk bölümi derrew biz bilen habarlaşdy. Olar kompaniýamyzyň maddy ýitgi çekip-çekmändigini, işgärlerimiziň we enjamlarymyzyň zyýan görüp-görmändigini tiz wagtda anykladylar. Bary-ýogy üç günüň dowamynda olar biziň watanymyza gaýdyp barmagymyz üçin iň howpsuz we iň çalt ugry guradylar”, — diýip, Eýranda işleýän hytaý telekeçisi aýtdy.
“Biziň Eýrandan çykyp gelmegimiz örän howpsuz ýagdaýda geçdi”, — diýip, Eýranda okaýan hytaýly talyp belledi. Türkmenistanyň häkimiýet edaralarynyň sişenbe güni çap eden maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan Hytaýyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şwesiýanyň, Türkiýäniň we Koreýa Respublikasynyň 130-dan gowrak raýaty howpsuz ýagdaýda ewakuasiýa edildi. “Biz gysga wagtyň içinde Türkmenistana ýetendigimize örän şat. Serhet geçelgesinde hiç hili kynçylyk bolmady. Biz bu ýere örän çalt geldik we indi özümizi doly howpsuz ýagdaýda duýýarys”, — diýip, Türkiýäniň bir raýaty aýtdy. “Eýrandaky ýagdaý häzirki wagtda örän kyn bolansoň, başga çykalgamyz ýokdy. Türkmenistanyň hökümetiniň kömegi bilen biz bu ýere sag-aman gelip bildik we uruşdan halas bolduk”, — diýip, Finlýandiýanyň bir raýaty nygtady.