Penşenbe güni Hytaýyň Premýer-ministri Li Sýan 14-nji çagyrylyşyň Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň (ÄHWHÝ) dördünji mejlisiniň açylyşynda hökümetiň işi baradaky ýyllyk hasabaty hödürledi. Açylşa Si Szinpin hem-de partiýanyň we döwletiň beýleki ýolbaşçylary gatnaşdy. Li Sýan 2025-nji ýylda Hytaýyň gazanan esasy üstünlikleri barada gürrüň berdi. Ol ýurduň has işjeň we täsirli makroykdysady syýasaty alyp barýandygyny hem-de ykdysady görkezijileriň durnuklylygyny saklaýandygyny aýtdy.
“Ýylyň başynda biz çylşyrymly we durnuksyz ýagdaýlara taýýarlyk görmek üçin ähli zerur çäreleri gördük. Hytaýyň ykdysadyýeti ýylyň birinji çärýeginde ynamly başlangyç almak we güýçli ösüş depginini gazanmak üçin gowy taýýarlanypdy. Ikinji çärýekden başlap bolsa, täze kynçylyklara — aýratyn-da ABŞ-nyň gümrük paçlaryny ýokarlandyrmagynyň täsirine — jogap hökmünde biz bar bolan syýasatlary doly ulanmak bilen birlikde, iş üpjünçiligini we ykdysady durnuklylygy goldamak üçin birnäçe berk çäreleri durmuşa geçirdik. Bu çäreler ykdysady basyşy peseltmäge we ýyl boýunça goýlan esasy maksatlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge kömek etdi”, — diýip, premýer aýtdy.
2025-nji ýylda Hytaý döwrebap senagat ulgamyny gurmagy hem-de ösüşiň innowasion syýasatyny dowam etdirdi. Şeýle hem ýurt strategiki ylmy-tehnologik mümkinçiliklerini ösdürdi. Premýer reformalary we açyklygy çuňlaşdyrmakda, şeýle-de milli ykdysadyýetiň bökdençsiz işlemegini üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri aýratyn belläp geçdi. “Daşary söwdanyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin uly tagallalar edildi. Ýylyň dowamynda eksport 6,1 göterim artdy”, — diýip, Li Sýan nygtady.
Hytaý şäherleşmegiň täze strategiýasyny durmuşa geçirmekde we oba ýerlerini toplumlaýyn ösdürmekde öňe gidişlik gazandy. Şäher bilen oba ýerleriniň arasynda, şeýle-de dürli sebitleriň arasynda utgaşykly ösüş has-da güýçlendirildi.
“Garyplygy azaltmak boýunça gazanylan üstünlikleri berkitmek bilen oba ýerleriniň ösüş maksatnamasynyň arasynda sazlaşygy üpjün etmek üçin anyk çäreler görüldi. Garyplykdan çykan adamlaryň arasynda iş bilen üpjün edilenleriň sany 30 milliondan gowrak derejesinde saklandy”, — diýip, premýer aýtdy.
Li Sýan 2025-nji ýylda Hytaýyň diplomatiýa babatda gazanan möhüm üstünliklerini hem aýratyn belläp, ýurduň dünýä işlerinde tutýan ornuny nygtady.
“2025-nji ýylda hytaý aýratynlyklaryna eýe bolan uly döwlet diplomatiýasyny alyp barmakda täze üstünlikleri gazandyk. Biz dünýä meselelerini çözmekde hem-de sebit we halkara dawa-jenjellerini kadalaşdyrmakda oňyn we gurluşykly orun eýeledik. Bu tagallalaryň netijesinde Hytaý dünýäde parahatçylyga we ösüşe möhüm goşant goşdy”, — diýip, ol sözüni jemledi.