Çarşenbe güni Pekinde Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň (HHSKG) Milli komitetiniň 14-nji çagyrylyşynyň her ýylky sessiýasynyň açylşynda 2026-njy ýyl üçin esasy wezipeler kesgitlenildi.
HHSKG-kiň başlygy Wan Hunin Geňeşiň 14-nji çagyrylyşynyň Hemişelik komitetiniň adyndan hasabatda bu wezipeleri tanyşdyrdy.
Ol Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň umumy ýolbaşçylygyny saklamagyň hem-de dogry syýasy ugruna ygrarlylygynyň ähmiýetini nygtady. Wan Hunin Geňeşiň agzalaryny Kommunistik partiýasynyň täze nazaryýetlerini özleşdirip, giň ylalaşyga ýetmäge çagyrdy.
15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň (2026–2030 ýý.) durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Wan Hunin Geňeşiň agzalaryny ony ýerine ýetirmek boýunça pikirleri we partiýanyň hem-de ýurduň esasy wezipesine hyzmat etmäge berk çagyrdy.
"HHSKG öz borçlaryny ýokary derejede ýerine ýetirip, 15-nji bäşýyllyk meýilnamany durmuşa geçirmek boýunça pikirleri we maslahatlary teklip eder hem-de HKP-nyň esasy wezipesine hyzmat eder. Biz meýilnamanyň esasy wezipeleri boýunça konsultatiw maksatnamany amala aşyrarys, düýpli ylmy-barlaglary, geňeşmeleri we maslahatlaşmalary geçireris. Sosialistik döwrebaplaşdyrma we ähli ugurlarda öňe gitmek üçin berk binýat döretmek bilen baglanyşykly meselelere ünsümizi jemläris" - diýip, Wan aýtdy.
Şeýle hem, ol Geňeşiň ykdysady ösüş, tehnologiki innowasiýalar, özgertmeler, açyklyk, durmuş taýdan ösüş we ilatyň abadançylygy ýaly möhüm meseleler babatda jemgyýetçilik pikiri dogruçyl şöhlelendirjekdigini belledi.
"Konsultatiw gözegçiligiň asyl häsiýetine dogry düşünmek bilen, biz 15-nji bäşýyllyk döwründe Geňeşiň Milli komitetiniň iş meýilnamasyny durmuşa geçirip, HKP-niň MK-niň çözgütlerini ýerine ýetirmekde ýardam ederis" - diýip, başlyk belledi.
Wan Geňeşiň agzalaryny borçlary has netijeli ýerine ýetirmek üçin hünär derejelerini ýokarlandyrmaga çagyrdy.
HHSKG - hytaý halkynyň bitewi watançylyk frontynyň guramasy, HKP-nyň ýolbaşçylygynda köp partiýaly hyzmatdaşlygyň we syýasy geňeşmeleriň möhüm edarasy, şeýle hem Hytaýyň syýasy durmuşynda sosialistik demokratiýany öňe sürmegiň serişdesi.
Onuň esasy wezipeleri - syýasy geňeşmeleri geçirilmek, demokratik gözegçiligi hem-de döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmak. HHSKG-niň Milli komitetiniň sessiýasy şu ýyl 4-11-nji mart aralygynda dowam eder.