Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasy № CIT-25057-MR belgili tender boýunça deslapky saýlama (predkwalifikasiýa) tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdi.
Satyn alşyň predmeti
Satyn alyş “Bagtyýarlyk” şertnama çäginde Önümçiligi dolandyrmak boýunça departament hem-de Suw we energiýa önümçiligini dolandyrmak boýunça departament üçin umumy maksatly materiallary üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Resminamalaryň tabşyrylyş möhletleri
Deslapky saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 8-nji martyna çenli geçirilýär. Arzalar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden soň gelip gowşan resminamalar kabul edilmeýär.
Gatnaşyjylara bildirilýän talaplar
Tenderde gatnaşmaga degişli tejribesi bolan we üpjünçilik bilen gyzyklanýan kompaniýalar çagyrylýar.
Arza tabşyrmak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmeli:
• tenderde gatnaşmak baradaky arza;
• kompaniýa we onuň esasy işi barada gysgaça maglumat;
• soňky üç ýylyň dowamynda amala aşyrylan meňzeş üpjünçilikleriň tejribesini tassyklaýan maglumatlar;
• ýerli kompaniýalar üçin — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan berlen şahadatnama.
Resminamalaryň taýýarlanyş talaplary
Predkwalifikasiýa resminamalary:
• iňlis we rus dillerinde taýýarlanmaly;
• tikilip, sahypalary belgilenmeli;
• möhür bilen tassyklanan, berk ýapylan bukjalarda tabşyrylmaly;
• ugradyjy hat bilen bilelikde hödürlenmeli;
• 1 asyl nusga, 1 göçürme hem-de ähli resminamalaryň hökmany skanirlenen görnüşi bilen üpjün edilmeli.
Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, şeýle hem tenderiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Salgysy: Ashgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Türkmenistan.
Habarlaşmak üçin adam: Şasoltan Hasanowa
Telefon: +993 (12) 44-52-00 (5701)
Faks: +993 (12) 44-50-44.
