OpenAI kompaniýasy öz programmirleme interfeýslerini (API) giň gerimli täzelenen görnüşde hödürledi, bu bolsa emeli aň bilen işleşmegi tizleşdirýär we has takyk edýär. Esasy üýtgeşmeler hakyky wagt tertibinde işlemek we ses arkaly kömekçi modellerine degişli boldy.
Sese esaslanan aragatnaşykda säwlikleriň azalmagy
Täze gpt-realtime-1.5 modeli ses tanamanyň ygtybarlylygyny ep-esli ýokarlandyrdy. Esasy üstünlikleriň biri sanlar we harp transkripsiýasynyň takyklygyny 10% ýokarlandyrmak boldy. Bu aýratyn möhüm bolup, habarlaşmak maglumatlar, salgylar ýa-da açar sözler dilden aýdylan ýagdaýynda peýdalydyr.
Emeli aň çylşyrymly görkezmelere hem 7% has gowy düşünýär. Indi ses kömekçileri ulanyjylaryň soraglaryny birinji gezekde has takyk ýerine ýetirer, bu bolsa neýro tor bilen aragatnaşygy has tebigy edýär.
Çalt iş tizligi
Ikinji esasy täzelik “akylly” agentleriň iş tizligine degişli boldy. Täze maglumat geçiriş tehnologiýasy (WebSocket) ornaşdyrylandan soň, ulgam her gezek ähli maglumatlary täzeden işlemeli däl. Indi hemişelik baglanyşyk saklanýar we diňe döwrwbap täzelikler geçirilýär.
OpenAI maglumatlaryna görä, bu çylşyrymly AI-kömekçileriň işini 20–40% tizleşdirdi. Adaty ulanyjy üçin bu derrew jogap bermek manysyna gelýär: buýrugy ýerine ýetirmekde gijikmeler aradan aýryldy diýen ýaly.
ORIENT
