Aşgabat, 4-nji mart | ORIENT. Eýrandan ewakuasiýa edilen HHR-iň 25 raýatyndan ybarat bolan ilkinji topar 4-nji martda, ir säher bilen Aşgabatdan öz watanyna uçup gitdi. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky ýokary ynamyň nusgasyna öwrülen bu giň gerimli ynsanperwer işleri giňişleýin ORIENT bilen paýlaşdy.
Howpsuzlyga tarap ýol 3-nji martda gündizine «Sarahs» serhet geçelgesinde başlandy. Hytaýyň raýatlarynyň topary Türkmenistanyň çägine giren badyna, olary Hytaýyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan taýýarlanylan awtobuslar garşylady. Türkmen tarapy serhetdäki ähli gulluklaryň dessin we guramaçylykly işini üpjün etdi.
Şol günüň agşamy ewakuasiýa edilen raýatlar Aşgabadyň halkara howa menziline geldiler. Ol ýerde olary HHR-iň Ilçihanasynyň işçi topary garşylady we ähli resminamalaryň bellige alynmagyna hem-de resmileşdirilmegine kömek etdi. Serhetden geçmekden başlap, uçara münmeklige çenli bolan ähli tapgyrlar takyk we netijeli amala aşyryldy.

Hytaýly diplomatlar şuny nygtadylar:
«Doganlyk we dostlukly Türkmenistanyň goldawy bilen ewakuasiýa guramaçylykly hem-de netijeli geçirildi. Bu çäreler açyklyk, özara goldaw we ynam ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň nusgasy boldy».
HHR-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy sebitdäki durnuksyzlyk zolagyndan üstaşyr geçýän beýleki raýatlarynyň hem watanyna sag-aman dolanmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn aragatnaşykda serhet geçelgelerinde işlerini dowam etdirýär.
