2-nji martda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň özara gatnaşyklar departamentiniň başlygy Halid Bahşyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar.
ORIENT
