Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri şehit Ayatolla Seyed Ali Hameneýi üçin Eýranyñ Türkmenistandaky Ilçihanasynda we Medeniýet Merkezinde gynanç kitabynyñ açylandygy habar berilýär. Gynanç kitaby ilçihanada şu gün sagat 18-00-a çenli bolar. Medeniýet Merkezinde gynanç kitaby 10-15 gün durar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberipdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gynanç hatynda ruhy Lideriň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi.

ORIENT
