Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasy tarapyndan 17-28-nji fewral aralygynda guralan «Russiýanyň küşt täji» atly halkara festiwaly tamamlandy. Bu abraýly ýaryş 20-den gowrak ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjyny birleşdirip, özüniň ýokary derejesini tassyklady. Türkmenistanyň topary bu ýaryşa Russiýa Federasiýasynyň senatory, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy, halkara grossmeýster Sergeý Karýakiniň ýörite çakylygy boýunça gatnaşdy.
Nusgawy küşt boýunça ýaryşlar şweýsar ulgamy esasynda 10 tapgyrda, her göçüm üçin 90 minut + 30 sekunt wagt gözegçiligi bilen geçirildi. «A» ýaryşyň netijeleriň örän ýakynlygy we bäsleşigiň bütin ýaryşyň dowamynda dartgynly bolmagy bilen tapawutlandy.
«A» ýaryşynyň ýeňijisi russiýaly grossmeýster Boris Sawçenko (reýtingi 2445) boldy. Ol Moskwa şäheriniň 2008-nji, 2016-njy we 2019-njy ýyllardaky çempiony, şeýle hem küştiň rapid görnüşi boýunça 2015-nji we 2021-nji ýyllarda Moskwa şäheriniň çempionydyr. Sawçenko durnukly we ynamly oýun görkezip, öz ýokary derejesini tassyklady.
Ýaryşda türkmen küştçi gyzlarynyň uly ösüş we ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, üstünlikli çykyş etmegi aýratyn ünsi çekdi. FIDE-niň ussatlyga dalaşgäri Leýla Şöhradowa (reýtingi 2183) «A» ýaryşda (nusgawy) zenanlaryň arasynda 5-nji orny eýeledi. Ol halkara ussadynyň kadasyny ýerine ýetirmäge bary-ýogy ýarym utuk galanda saklandy. Bu netije türkmen wekiliýetiniň ähmiýetli üstünlikleriniň biri bolup, onuň halkara meýdançasyndaky uly maksatlaryny tassyklady.
«D» ýaryşda (nusgawy) Mähri Agamyradowa (reýtingi 1926) ynamly we kämil oýun görkezip, zenanlaryň arasynda 1-nji orny eýeledi. Jahan Rejepowa (reýtingi 2051) bolsa «C» ýaryşda (blis) ajaýyp garşylygy, taktikasy we tutanýerliligi bilen 16 ýaşyna çenli ýetginjekleriň arasynda 3-nji orna mynasyp boldy.
Zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Läle Şöhradowa (reýtingi 2110) hem öz ornuny berkidip, reýtingine 22 utuk goşmagy başardy. Bu bolsa toparyň zenanlar böleginiň umumy üstünligine möhüm goşant boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň wekilleri hem mynasyp çykyş etdiler. Halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (reýtingi 2424) ýaryşda 17-nji orny eýeläp (15 sany esasy baýrakly ornuň şertlerinde), özüniň ýokary oýun derejesini we halkara meýdançasyndaky bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklady.
FIDE-niň ussady Amanmuhammet Hommadow (reýtingi 2269) uly ösüş gazandy: ýaryşyň netijeleri boýunça ol öz reýtingini 31,4 utuk ýokarlandyrdy — bu toparyň ähmiýetli şahsy üstünlikleriniň biri boldy.

Şeýle hem Wepaly Halynyýazow (reýtingi 2195) öz reýtingini 35,8 utuk artdyryp, agramly reýting goşandyny görkezdi.
Türkmen küştçi gyzlarynyň üstünlikli çykyşlarynyň erkekler ýygyndysynyň ynamly oýny bilen utgaşmagy, milli küşt mekdebiniň ulgamlaýyn ösüşini tassyklaýar we geljekki halkara ýaryşlarynyň, şol sanda Olimpiadanyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ornuny berkidýär.
