Brest-Sentralnyý demir ýol menzilinde innowasion arassalaýjy robot synagdan geçirildi. Synag taslamasy robototehnikanyň ulanylyşyny giňeltmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Bäş günlük synag iri ulag desgalarynda awtonom enjamlary ulanmagyň netijeliligini tassyklady diýip, BELTA habar berýär.
Robot çygly arassalaýyşa ýöriteleşendir we doly awtonom tertipde işleýär — suwdan doldurylmagyndan başlap, öz-özüni arassalamagyna çenli ähli işleri özbaşdak ýerine ýetirýär. Emeli aňyň kömegi bilen enjam çägi skanirleýär we hiç bir bölegi goýman arassalaýar. Ulgam uly hapalary tanap, olara aýratyn täsir bildirip bilýär, bu bolsa ýokary arassalyk derejesini üpjün edýär.
Tehnika bellenilen tertip boýunça gije-gündiz işleýär. Bu adam faktoryny aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär: robot ýadamaýar, arassalanmaly ýerleri goýmaýar we garaşylýan zallarda hemişe tertibi saklaýar.
Demir ýoluň ýolbaşçylary senagat robotynyň artykmaçlyklaryna ýokary baha berdiler we üpjün edijiler bilen menziliň zerurlyklaryna laýyklykda käbir funksiýalary kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn wagtda gury arassalaýyş, iri galyndylary ýygnamak hem-de daş-töwerek meýdanlaryny arassalamak üçin niýetlenen birnäçe başga modeliň synagdan geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýurduň ähli iri demir ýol menzilleri üçin özara utgaşykly işleýän robotlar ulgamyny ornaşdyrmak meselesi göz öňünde tutulýar. Giň meýdanlarda “akylly” tehnikany ulanmak ýolagçylar üçin has amatly şertleri döretmäge ýardam berjek geljegi uly ugur hökmünde bahalandyrylýar.
ORIENT
