Ýaponiýanyň SkyDrive atly startap kompaniýasy Tokiodaky aýlagyň üstünde öz aero-taksisini üstünlikli synag uçuşyndan geçirdi. SD-05 atly ykjam enjam howada üç ýarym minutlap bolup, tehnologiýanyň şäher şertlerinde ulanmaga taýýardygyny görkezdi.
Güýçli ses çykarýan dikuçarlardan tapawutlylykda, bu enjam elektrik akkumulýatorlary we 12 hereketlendiriji arkaly işleýär. Ol üç adam üçin niýetlenen uly kwadrokoptere meňzeýär. Modeliň esasy artykmaçlygy onuň ykjamlygydyr: enjam üçin giň gonuş meýdançalary zerur däl, ol hatda dykyz şäher gurluşygy bolan ýerlerde hem gonup bilýär.
Işläp düzüjileriň pikirine görä, şeýle uçuşlar iri şäherleri dyknyşykdan halas eder. Ýolda sarp edilýän wagt 4–5 esse gysgalar. Adaty taksi bir sagatlap dyknyşykda garaşýan ýerinde, uçýan awtoulag ýolagçylary 12–15 minutda barmaly ýerine ýetirip biler.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomohiro Fukudzawanyň sözlerine görä, geljekde şeýle uçuşyň bahasy adaty taksi ýolundan diňe iki esse ýokary bolar. Bu bolsa howa arkaly tiz gatnawlary giň jemgyýetçilik üçin elýeterli edip, ýolda wagty ýitirmek meselesini çözmäge mümkinçilik berer.
ORIENT
